Gelip çykyş Chapter 1

For English

Read Gelip çykyş Chapter 1 Online

Read Gelip çykyş Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 1

Bap 1

1. Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.

2. Dünýä şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy.

3. Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy.

4. Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.

5. Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.

6. Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi.

7. Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.

8. Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.

9. Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.

10. Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.

11. Soňra Hudaý: «Ýer dünýäde görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan miweli agaçlary öndürsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.

12. Şeýdip, ýer görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi.

13. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.

14. Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin.

15. Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.

16. Şeýdip, Hudaý iki sany beýik yşygy – gündizi dolandyrmak üçin uly yşygy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi yşygy hem-de ýyldyzlary döretdi.

17. Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi.

19. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.

20. Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi.

21. Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli-dümen suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi.

22. Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi.

23. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.

24. Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.

25. Hudaý ýer ýüzünde öz görnüşlerine görä haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.

26. Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.

27. Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.

28. Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.

29. Hudaý olara: «Indi Men ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan bar agaçlary size berýärin, olar size iýmit bolar.

30. Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ýerdäki bar gök ösümlikleri iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.

31. Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi. ‎

About Gelip çykyş Chapter 1

Read Gelip çykyş Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 1?

Gelip çykyş Chapter 1 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 3
  3. Gelip çykyş Chapter 39
  4. Gelip çykyş Chapter 12
  5. Gelip çykyş Chapter 28
  6. Gelip çykyş Chapter 13
  7. Gelip çykyş Chapter 40

Explore More from Köne Äht

  1. Gelip çykyş Chapter 9
  2. Hoşeýa Chapter 11
  3. Işaýa Chapter 15
  4. Lewiler kitaby Chapter 2
  5. Müsürden çykyş Chapter 2
  6. Zebur Chapter 93
  7. Zebur Chapter 124

Related Chapters & Readings

  1. Çölde Chapter 36
  2. Rut Chapter 3
  3. Işaýa Chapter 56
  4. Çölde Chapter 5
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 16
  6. Eýýup Chapter 41
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *