Read Gelip çykyş Chapter 26 Online
Read Gelip çykyş Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Gelip çykyş 26
Bap 26
1. Ýurda Ybraýymyň döwründäki ýaly başga bir açlyk düşdi. Yshak Gerara, piliştlileriň şasy Abymelegiň ýanyna gitdi.
2. Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesilleriňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin.
4. Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deýin köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».
6. Şeýdip, Yshak Gerarda düşledi.
7. Ol ýeriň adamlary Yshakdan onuň aýaly hakynda soranda, ol «bu meniň aýalym» diýmäge gorkup, olara «bu meniň aýal doganym» diýdi. Yshak Rebeka sebäpli bu ýeriniň halky özüni öldürer öýdýärdi, çünki Rebeka juda owadandy.
8. Onuň bu ýerde ýaşap ýörenine esli wagt bolupdy. Bir gün piliştlileriň patyşasy Abymelek, Yshagyň aýaly Rebeka bilen oýnaşyp durandygyny penjireden gördi.
9. Abymelek Yshagy öz ýanyna çagyryp, oňa: «Bu seniň aýalyň ahyryn! Sen näme üçin oňa „aýal doganym“ diýdiň?» diýip sorady. Yshak Abymelege: «Ol meniň aýalym diýsem, men öldürilerin öýtdüm» diýip jogap berdi.
10. Abymelek oňa: «Näme üçin sen beýtdiň? Biziň adamlarymyzdan biri seniň aýalyňa ýanaşaýan bolsa, onda sen bizi günä goýardyň» diýdi.
11. Soňra Abymelek: «Şu adama ýa-da onuň aýalyna degeniň başy ölümlidir» diýip, tutuş halka duýduryş berdi.
12. Yshak ol ýurtda ekin ekip, şol ýylda hem ýüz esse artyk bugdaý hasylyny aldy, çünki Reb ony ýalkapdy.
13. Yshak gitdigisaýy baýap, döwletli adam boldy.
14. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary we köp sanly hyzmatkärleri bardy. Şol sebäpli hem piliştliler Yshaga görübilmezçilik etdiler.
15. Kakasy Ybraýymyň öz döwründe gullaryna gazdyran ähli guýularyny piliştliler toprakdan dolduryp, gömüp taşladylar.
16. Onsoň Abymelek Yshaga: «Bu ýerden git, çünki sen bizden zor çykdyň» diýdi.
17. Yshak ol ýerden gidip, Gerar jülgesine baryp, şol ýerde çadyryny dikip, ornaşdy.
18. Yshak kakasy Ybraýymyň döwründe gazylyp, ol ölenden soň piliştliler tarapyndan gömlen guýulary täzeden gazyp, olary kakasynyň dakan atlary bilen atlandyrdy.
19. Emma Yshagyň gullary jülgede guýy gazyp, ol ýerde bir gözbaşyny tapanlarynda, Geraryň çopanlary «suw biziňki» diýip, Yshagyň çopanlary bilen dawalaşdylar. Şeýdip, Yshak guýyny Esek diýip atlandyrdy, çünki olar Yshak bilen bäsdeşlik etdiler.
21. Soňra olar başga bir guýy gazdylar. Ol-da dawaly boldy. Ol guýyny Yshak «Sitna» diýip atlandyrdy.
22. Yshak ol ýerden göçdi we ýene-de bir guýy gazdy, ýöne oňa dawa eden bolmady, şol sebäpden hem ol: «Ahyrsoňy, Reb bize giň meýdan berdi, indi biz bu ýurtda örňäris» diýip, soňky guýynyň adyna Rehobot dakdy.
23. Yshak ol ýerden Beýerşeba gitdi.
24. Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.
25. Yshak ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi. Şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň gullary bolsa guýy gazdylar.
26. Onsoň Yshagyň ýanyna Gerardan Abymelek, Abymelegiň maslahatçysy Ahuzat hem onuň harby serkerdesi Pikol geldi.
27. Yshak olara: «Siz meni ýigrenip, öz ýurduňyzdan kowup goýberip, ýene meniň ýanyma gelýärmisiňiz?» diýdi.
28. Olar Yshaga şeýle jogap berdiler: «Rebbiň seniň bilen biledigine biziň gözümiz ýetdi. Şoňa görä biziň saňa ýagşylykdan başga hiç zat etmän, el gatman, seni parahatlyk bilen goýberişimiz ýaly, seniň-de bize ýamanlyk etmezligiň üçin özara ant içişip, şertnama baglaşaly diýdik. Indi Reb seni ýalkasyn».
30. Yshak myhmanlary hezzetledi. Olar iýip-içdiler.
31. Olar ir bilen turup, özara ant içişdiler. Yshak olary ugratdy. Myhmanlar Yshagyň ýanyndan razy bolup gaýtdylar.
32. Şol gün Yshagyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip, öz gazan guýulary hakynda oňa gürrüň berdiler. Olar Yshaga: «Biz suw tapdyk» diýdiler.
33. Yshak guýa «Şeba» diýip at dakdy. Şoňa görä-de bu galanyň adyna şu günki güne çenli Beýerşeba diýlip gelinýär.
34. Ysaw kyrk ýaşyna ýetende, het Beýeriniň gyzy Ýehudyt we het Eýlonyň gyzy Bosmata öýlendi.
35. Bu gelinler Yshak bilen Rebekany janyndan doýurdylar.
About Gelip çykyş Chapter 26
Read Gelip çykyş Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Gelip çykyş
Chapter: 26
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Gelip çykyş Chapter 26 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Gelip çykyş Chapter 26?
Gelip çykyş Chapter 26 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 26 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Gelip çykyş
- Gelip çykyş Chapter 18
- Gelip çykyş Chapter 40
- Gelip çykyş Chapter 2
- Gelip çykyş Chapter 43
- Gelip çykyş Chapter 30
- Gelip çykyş Chapter 39
- Gelip çykyş Chapter 28
Explore More from Köne Äht
- Ysraýyl serdarlary Chapter 19
- Işaýa Chapter 20
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9
- Çölde Chapter 11
- Zebur Chapter 18
- Zakarýa Chapter 14
- Ysraýyl serdarlary Chapter 9