Read Gelip çykyş Chapter 36 Online
Read Gelip çykyş Chapter 36 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Gelip çykyş 36
Bap 36
1. Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr.
2. Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi.
4. Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly,
5. Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.
6. Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi.
7. Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi.
8. Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady.
9. Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr.
10. Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal.
11. Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.
12. (Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi.) Şular Ysawyň aýaly Adadan bolan ogullarydyr.
13. Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
14. Ysawyň aýaly, Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.
15. Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.
17. Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
18. Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýalam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr.
19. Bularyň hemmesi Ysawyň ýagny Edomyň ogullarydyr.
20. Hory Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horlaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr.
22. Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Heýman. Timna Lutuň aýal doganydy.
23. Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam.
24. Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (bu şol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapan Anadyr).
25. Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama.
26. Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýitran, Keran.
27. Ezeriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan.
28. Dişanyň ogullary: Us, Aran.
29. Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan.
31. Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr.
32. Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabadyr.
33. Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
34. Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
35. Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
36. Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
37. Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul tagta çykdy.
38. Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.
39. Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudyr. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
40. Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän Edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.
About Gelip çykyş Chapter 36
Read Gelip çykyş Chapter 36 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Gelip çykyş
Chapter: 36
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Gelip çykyş Chapter 36 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Gelip çykyş Chapter 36?
Gelip çykyş Chapter 36 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 36 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Gelip çykyş
- Gelip çykyş Chapter 18
- Gelip çykyş Chapter 3
- Gelip çykyş Chapter 12
- Gelip çykyş Chapter 40
- Gelip çykyş Chapter 28
- Gelip çykyş Chapter 13
- Gelip çykyş Chapter 2
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 13
- Ezekiýel Chapter 45
- Eýýup Chapter 34
- Eýýup Chapter 30
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 20
- Müsürden çykyş Chapter 15
- Ýermeýa Chapter 46