Gelip çykyş Chapter 12

For English

Read Gelip çykyş Chapter 12 Online

Read Gelip çykyş Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 12

Bap 12

1. Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.

2. Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin, Adamlar seniň adyňdan Pata bererler biri-birlerine.

3. Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler Sen arkaly pata alarlar».

4. Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady.

5. Ol aýaly Sareni, doganoglany Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.

6. Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.

7. Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.

8. Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Günbatar tarapynda galan Beýtel we gündogar tarapynda galan Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi.

9. Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.

10. Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä Müsürde gelmişek bolup ýaşamak üçin, Ybram Müsüre gitdi.

11. Olar Müsüre golaýlaşanlarynda, Ybram aýaly Sareýe: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin.

12. Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar.

13. Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.

14. Ybram Müsüre gelende, müsürliler Sareniň juda owadandygyny gördüler.

15. Sareni gören fyrownyň köşk emeldarlary fyrowna Sareniň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi.

16. Sareniň hatyrasyna fyrown Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi.

17. Reb Ybramyň aýaly Sare sebäpli fyrown we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi.

18. Şonda fyrown Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Sareniň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň?

19. Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Sareni özüme aýallyga aldym-a! Ynha, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi.

20. Fyrown Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar. ‎

About Gelip çykyş Chapter 12

Read Gelip çykyş Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 12
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 12?

Gelip çykyş Chapter 12 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 15
  7. Gelip çykyş Chapter 39

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 91
  2. Danyýel Chapter 11
  3. Gelip çykyş Chapter 32
  4. Ýermeýa Chapter 39
  5. Zebur Chapter 96
  6. 1 patyşalar Chapter 8
  7. Ýermeýa Chapter 20

Related Chapters & Readings

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 17
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 27
  3. Çölde Chapter 8
  4. 1 patyşalar Chapter 18
  5. Eýýup Chapter 39
  6. Ezekiýel Chapter 3
  7. Zebur Chapter 84
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *