Gelip çykyş Chapter 33

For English

Read Gelip çykyş Chapter 33 Online

Read Gelip çykyş Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 33

Bap 33

1. Ýakup töweregine seredip, Ysawyň dört ýüz adam bilen bile gelýändigini gördi. Şeýdip, ol çagalaryny Leýanyň, Raheliň we iki gyrnagynyň arasynda böldi.

2. Gyrnaklaryny öz çagalary bilen bile öňde, Leýany öz çagalary bilen bile olaryň yzyndan, Rahel bilen Ýusuby bolsa hemmesiniň yzyndan goýdy.

3. Ýakubyň özi bolsa tutuş maşgalasynyň öňüne düşüp, doganyna golaýlaşýança, oňa ýedi gezek iki bükülip tagzym etdi.

4. Emma Ysaw Ýakuba tarap ylgady; ol Ýakubyň boýnundan gujaklap, ony ogşady. Olar aglaşdylar.

5. Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.

6. Onsoň gyrnaklar öz çagalary bilen, soňra Leýa öz çagalary bilen gelip, oňa tagzym etdiler. Iň soňundan bolsa Rahel bilen Ýusup gelip, oňa tagzym etdiler.

8. Ysaw Ýakupdan: «Men mal sürüsi bilen gelýän adamlara duşdum. Olary näme üçin iberdiň?» diýip sorady. Ýakup oňa: «Olary men sen jenabymyň göwnüni tapmak üçin iberdim» diýip jogap berdi.

9. Ysaw oňa: «Dogan, meniň özümiňki özüme ýeterlik, seniň öz zadyň özüňki bolsun» diýdi.

10. Şonda Ýakup oňa: «Ýok, beýtme. Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda sen meniň sowgatlarymy kabul et. Men seniň ýüzüňi görüp, hut Hudaýyň ýüzüni gören ýaly boldum. Sen meni açyk ýüz bilen garşy aldyň.

11. Iberen sowgatlarymy kabul et. Hudaý meni ýalkady. Mende hemme zat bar» diýdi. Şeýdip, Ýakup Ysawy sowgatlaryny kabul etmäge yrdy; Ysaw olary kabul etdi.

12. Soňra Ysaw Ýakuba: «Indi bu ýerden ugralyň, men siziň gapdalyňyzdan ýörärin» diýdi.

13. Ýakup oňa şeýle jogap berdi: «Çagalaryň näzikdigini, sagylýan ownukly-irili mallaryň maňa aladadygyny, meniň jenabym bilýändir. Eger dowarlary gaty gyssasak, olaryň bary haram öler.

14. Şoňa görä-de jenabym, sen öz guluňyň öňünden gidiber. Men mallaryň hem çagalaryň aýagyna ýöräp, howlukmanrak barybererin. Jenabym, seniň bilen Segirde duşuşarys».

15. Ysaw oňa: «Men hem öz adamlarymdan birnäçesini seniň ýanyňda galdyraýyn» diýdi. Emma Ýakup oňa: «Beýtmek näme gerek? Jenabym maňa eýýäm ýeterlik merhemet etdi» diýip jogap berdi.

16. Ysaw öňden gaýdyp, şol gün Segire tarap ýola düşdi.

17. Emma Ýakup Sukoda tarap gitdi. Ol ýerde özüne öý gurdy, mallaryna bolsa agyllar ýasady. Şol sebäpden-de ol bu ýeri «Sukot» diýip atlandyrdy.

18. Ýakup Padanaramdan Kengandaky Şekem galasyna sag-aman geldi. Ol galanyň eteginde düşledi.

19. Ýakup çadyryny diken ýerindäki bir bölek ýeri, Şekemiň atasy Hamoryň ogullaryndan ýüz teňňä satyn aldy.

20. Soňra Ýakup bu ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ony El-Elohe-Ysraýyl diýip atlandyrdy. ‎

About Gelip çykyş Chapter 33

Read Gelip çykyş Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 33
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 33 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 33?

Gelip çykyş Chapter 33 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 33 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 15
  7. Gelip çykyş Chapter 39

Explore More from Köne Äht

  1. Hoşeýa Chapter 8
  2. Zakarýa Chapter 11
  3. Zakarýa Chapter 14
  4. Işaýa Chapter 31
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 34
  6. Işaýa Chapter 17
  7. Danyýel Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 41
  2. Zebur Chapter 122
  3. Zebur Chapter 146
  4. Ezekiýel Chapter 8
  5. Zebur Chapter 140
  6. Çölde Chapter 34
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 31
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *