Read Rut Chapter 3 Online
Read Rut Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Rut in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Rut and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Rut 3
Bap 3
1. Gaýyn enesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy!
2. Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar.
3. Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme.
4. Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujynda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar» diýdi.
5. Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
6. Şeýlelikde, harmana baryp, gaýyn enesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.
7. Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.
8. Ýarygije Bowaz tisginip oýandy, görse, aýagujynda bir aýal ýatyr.
9. Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi.
10. Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň.
11. Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär.
12. Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossar bar.
13. Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi.
14. Şeýlelikde, Rut onuň aýagujynda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi.
15. Bowaz Ruta: «Ýapynjaňy getirip, ony ýere ýaz!» diýdi. Rut hem ony etdi. Bowaz arpadan galbir bilen alty gezek alyp, Rutuň ýapynjasyna guýdy-da, onuň omzuna goýdy. Soňra Bowaz gala tarap gitdi.
16. Rut gelende, gaýyn enesi oňa: «Gyzym, hany aýt, nämeler bolup geçdi?» diýdi. Ol hem Bowaz bilen bolan zatlaryň baryny aýdyp berdi.
17. Soňra Rut: «Bowaz maňa „Gaýyn eneň ýanyna eliň boş gitme“ diýip, ine, şu alty galbir arpany berdi» diýdi.
18. Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.
About Rut Chapter 3
Read Rut Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Rut in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Rut
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Rut. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Rut Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Rut Chapter 3?
Rut Chapter 3 is part of the Book of Rut in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Rut Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44