Read Gelip çykyş Chapter 40 Online
Read Gelip çykyş Chapter 40 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Gelip çykyş 40
Bap 40
1. Birnäçe wagtdan soň, Müsür patyşasynyň baş sakysy bilen baş nan bişirijisi patyşanyň göwnüne degdiler.
2. Bu ikisine fyrownyň gahary geldi.
3. Ol bulary janpenalaryň baştutanynyň öýündäki zyndanda, Ýusubyň saklanýan zyndanyna saldy.
4. Janpenalaryň baştutany Ýusuby olaryň baştutany edip goýdy; Ýusup olara hyzmat etdi. Olar birnäçe wagt zyndanda boldular.
5. Bir gije Müsür patyşasynyň tussaglykda saklanýan sakysy bilen nan bişirijisi düýş gördüler. Düýşleriň hersiniň özüne mahsus ýorgudy bardy.
6. Daň bilen Ýusup bu ikisiniň ýanyna geldi; olar birhili ünjülidiler.
7. Ol bu tussaglardan: «Bu gün näme sebäpden ünjüli görünýärsiňiz?» diýip sorady.
8. Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir ahyryn?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi.
9. Baş saky düýşüni Ýusuba gürrüň berdi: «Düýşümde üzüm agajyny gördüm.
10. Üzüm agajynyň üç şahasy barmyş. Ol ösüp, gülleýärmişin-de, onda üzüm salkymlary peýda bolýarmyş.
11. Fyrownyň käsesi hem meniň elimdemiş. Men üzümi fyrownyň käsesine sykyp, käsäni oňa uzadýarmyşym».
12. Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür.
13. Üç günden fyrown seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen fyrowna ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
14. Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Fyrownyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber.
15. Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».
16. Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş.
17. Sebetleriň iň üstküsinde fyrown üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi.
18. Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür.
19. Ýene üç günden fyrown seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
20. Üç günden soň fyrown öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.
21. Edil Ýusubyň ýorşy ýaly, fyrown baş sakyny ýene öňki wezipesine belledi; ol fyrowna sakylyk etdi.
22. Baş nan bişirijini-de Ýusubyň aýdyşy ýaly, patyşa dardan asdyrdy.
23. Baş saky bolsa Ýusup hakda pikir hem etmedi, ol ony ýadyndan çykardy.
About Gelip çykyş Chapter 40
Read Gelip çykyş Chapter 40 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Gelip çykyş
Chapter: 40
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Gelip çykyş Chapter 40 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Gelip çykyş Chapter 40?
Gelip çykyş Chapter 40 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 40 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Gelip çykyş
- Gelip çykyş Chapter 18
- Gelip çykyş Chapter 2
- Gelip çykyş Chapter 43
- Gelip çykyş Chapter 30
- Gelip çykyş Chapter 15
- Gelip çykyş Chapter 39
- Gelip çykyş Chapter 28
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 16
- Wagyz kitaby Chapter 11
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 31
- Ysraýyl serdarlary Chapter 10
- 2 patyşalar Chapter 25
- Kanun taglymaty Chapter 21
- Gelip çykyş Chapter 17