Ysraýyl serdarlary Chapter 21

For English

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 21 Online

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ysraýyl serdarlary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ysraýyl serdarlary 21

Bap 21

1. Ysraýyllar: «Hiç birimiz benýaminlere gyz bermeris» diýip, Mispada ant içdiler.

2. Ysraýyllar Beýtele gelip, Hudaýyň huzurynda agşama çenli gaty ses edip, zar-zar aglaşdylar.

3. Olar: «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb! Ysraýyla näme boldy? Ysraýyldan indi bir tire ýok bolup ýitip gitmelimi?» diýdiler.

4. Ertesi güni ilat irden turup, ol ýerde mal öldürdiler, gurbanlyk sypasyny ýasap, ýakma hem-de salamatlyk gurbanlygyny berdiler.

5. Ysraýyllar: «Rebbiň huzurynda bolup geçen ýygnanyşyga ysraýyl tirelerinden kim gelmedikä?» diýişdiler. Bu ýygnanyşyga gelmedikleriň öldüriljekdigi barada ant içilip kasam edildi.

6. Ysraýyllaryň benýaminlere, ýagny, öz doganlaryna nebisleri agyryp: «Indi ysraýyllaryň bir tiresi kesilip taşlandy.

7. Biz olara gyz bermezlige Rebbiň huzurynda ant içdik. Indi olaryň diri galanlarynyň aýal meselesini nähili çözmeli bolarkak?

8. Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.

9. Görseler, ol ýerde Gilgatdaky Ýabeşden bir adam hem ýok eken.

10. Edermen ýigitleriň on iki müňüsini jemagat ol ýere iberip, olara: «Baryň, Ýabeşiň ilatyny, aýallaryny we çagalaryny gylyçlap öldüriň.

11. Öýlenenleriniň hem-de durmuşa çykanlarynyň ählisini bütinleý ýok ediň, diňe gyzlara degmäň» diýip buýurdylar. Olar aýdylşy ýaly-da etdiler.

12. Ýabeşiň ilatyndan dört ýüz sany boý gyzy özleri bilen alyp, Kengan ýurdundaky Şilo galasyndaky düşelgä getirdiler.

13. Halk Rimmon gaýasyndaky benýaminler bilen gepleşik geçirmek üçin, ol ýere adam iberdi, olar bilen ylalaşyk yglan edildi.

14. Şonda benýaminler Ysraýyla dolanyp geldiler we ysraýyllar diri galdyrylan Ýabeşiň gyzlaryny olara aýallyga berdiler; ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi.

15. Ysraýyl halky benýamin tiresine gynandy, sebäbi Reb Ysraýyl tireleriniň bitewiligini bozdy.

16. Ýaşulular: «Benýaminleriň aýallarynyň ýok edilendigine görä, bu galanlaryna aýal alyp bermeklik meselesini nätsekkäk?» diýişdiler.

17. Olar: «Ysraýyllaryň bu tiresi ýitip gitmez ýaly, benýaminleriň diri galanlarynyň özleriniň mülki bolsun,

18. ýöne biz olara gyz berip bilmeris, çünki: „Kim benýaminlä gyz berse, oňa nälet bolsun“ diýip ant içipdik» diýdiler.

19. Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.

20. Olar benýaminlere görkezme berip şeýle diýdiler: «Baryň-da, üzümçiligiň içinde oturyň.

21. Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň.

22. Gyzlaryň kakalary ýa-da doganlary biziň ýanymyza arz edip gelseler, biz olara: „Şolar üçin biz sizden ötünç soraýarys, olaryň beýtmeginiň sebäbi biziň söweşip, ýesir getiren gyzlarymyz olaryň hemmesine ýetmedi, siziň özüňiz hem olara gyzlaryňyzy bermediňiz“ diýip aýdarys» diýdiler.

23. Benýaminler aýdylşy ýaly hem etdiler; üýşüp tans edip ýören gyzlardan hersi birini ogurlap, öz mülklerine getirdiler we galalar gurup, ýaşap başladylar.

24. Edil şol wagty ysraýyllar ol ýerden gaýdyp, hersi öýli-öýüne, öz tiresine we mülklerine dolanyp bardy.

25. Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy; her kim öz göwnüne gelenini ederdi.

About Ysraýyl serdarlary Chapter 21

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ysraýyl serdarlary
Chapter: 21
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ysraýyl serdarlary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ysraýyl serdarlary Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ysraýyl serdarlary Chapter 21?

Ysraýyl serdarlary Chapter 21 is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ysraýyl serdarlary Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from ysraýyl-serdarlary

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 18
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 1
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 10
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 17
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 16
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 20
  2. Rut Chapter 3
  3. 1 Timoteosa haty Chapter 6
  4. Zebur Chapter 34
  5. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
  6. Zebur Chapter 51
  7. Eýýup Chapter 17
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *