Müsürden çykyş Chapter 2

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 2 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 2

Bap 2

1. Şol wagtlar lewili bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi.

2. Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady.

3. Ol aýal çagasyny mundan artyk gizläp saklap bilmejekdigine göz ýetirip, onuň üçin gamyşdan örülen sebet aldy-da, onuň daşyny suw geçmez ýaly şepbik bilen örtdi. Ol çagany şol sebediň içinde ýatyryp, ony derýanyň gyrasyndaky suwda ösüp oturan gamyşlaryň arasynda ýerleşdirdi.

4. Jigisine näme bolarka diýip, çaganyň gyz dogany hem uzakdan seredip durdy.

5. Şol wagt fyrownyň gyzy derýa suwa düşmäge geldi. Onuň kenizleri bolsa derýanyň kenarynda aýlanyp ýördüler. Birdenkä fyrownyň gyzy gamyşlaryň arasyndaky sebedi görýär we ony getirmäge kenizleriň birini iberýär.

6. Fyrownyň gyzy sebedi açyp görse, ynha, onuň içinde bir çaga aglap ýatyr. Onuň çaga ýüregi gyýlyp: «Bu ýewreý çagalarynyň biridir» diýýär.

7. Soňra çaganyň gyz dogany fyrownyň gyzynyň ýanyna gelip: «Men gidip, çaga enekelik eder ýaly ýewreý aýallaryndan birini çagyraýynmy?» diýýär.

8. Fyrownyň gyzy «çagyraý» diýýär. Şeýdip, ol gyz gidip, çaganyň öz ejesini alyp gelýär.

9. Fyrownyň gyzy ol aýala: «Şu çagany äkit-de, muňa enekelik et. Men seniň hakyňy tölärin» diýýär. Şeýlelikde, bu aýal çagany äkidip, oňa enekelik edýär.

10. Çaga ösüp kemala gelende, ol ony fyrownyň gyzynyň ýanyna getirýär we fyrownyň gyzy ony özüne ogullyga alýar. Ol: «Men muny suwdan çykardym» diýip, onuň adyna Musa dakýar.

11. Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi.

12. Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi.

13. Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýdi.

14. Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýip jogap berdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr diýip pikir etdi.

15. Fyrown bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy.

16. Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.

17. Şonda beýleki çopanlar gelip, ol gyzlary kowdular, emma Musa bu gyzlara arka durdy, olaryň sürüsini suwa ýakmaga kömekleşdi.

18. Gyzlar öýlerine kakalary Ýitronyň ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady.

19. Gyzlar: «Şu gün bizi bir müsürli adam çopanlardan gorady, hatda ol biziň sürimizi suwa ýakmaga hem kömek etdi» diýdiler.

20. Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi.

21. Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy.

22. Ol bir ogul dogurdy, Ýat ýurtda men bir gelmişek boldum diýip, Musa onuň adyna Gerşom dakdy.

23. Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.

24. Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.

25. Hudaý ysraýyllara nazar saldy we olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi. ‎

About Müsürden çykyş Chapter 2

Read Müsürden çykyş Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 2
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 2?

Müsürden çykyş Chapter 2 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 30
  2. Müsürden çykyş Chapter 32
  3. Müsürden çykyş Chapter 14
  4. Müsürden çykyş Chapter 36
  5. Müsürden çykyş Chapter 38
  6. Müsürden çykyş Chapter 15
  7. Müsürden çykyş Chapter 29

Related Chapters & Readings

  1. Ýowel Chapter 3
  2. Zebur Chapter 128
  3. Zebur Chapter 109
  4. Zebur Chapter 144
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 5
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 26
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *