Lewiler kitaby Chapter 2

For English

Read Lewiler kitaby Chapter 2 Online

Read Lewiler kitaby Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lewiler kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Lewiler kitaby 2

Bap 2

1. Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän, unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.

2. Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy, Oňa ýakymlydyr.

3. Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr.

4. Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun.

5. Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun.

6. Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun – bu galla sadakasydyr.

7. Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun.

8. Rebbe şeýle bişirilen galla sadakasyny hödür ediň. Çörek ruhana getirilip berlenden soň, ol ony gurbanlyk sypasynyň ýanyna alyp barsyn.

9. Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.

10. Galla sadakasynyň galan bölegi, Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.

11. Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir

12. Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn.

13. Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.

14. Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun.

15. Oňa zeýtun ýagyny goşup, ýakymly ysly tütetgini-de onuň üstüne goýuň. Bu galla sadakasydyr.

16. Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr. ‎

About Lewiler kitaby Chapter 2

Read Lewiler kitaby Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Lewiler kitaby
Chapter: 2
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lewiler kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Lewiler kitaby Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Lewiler kitaby Chapter 2?

Lewiler kitaby Chapter 2 is part of the Book of Lewiler kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Lewiler kitaby Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 54

Explore More from lewiler-kitaby

  1. Lewiler kitaby Chapter 22
  2. Lewiler kitaby Chapter 13
  3. Lewiler kitaby Chapter 14
  4. Lewiler kitaby Chapter 24
  5. Lewiler kitaby Chapter 15
  6. Lewiler kitaby Chapter 3
  7. Lewiler kitaby Chapter 6

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 129
  2. Ester Chapter 10
  3. Habakuk Chapter 1
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  5. Koloselilere haty Chapter 1
  6. Ýermeýa Chapter 45
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 20
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *