Gelip çykyş Chapter 5

For English

Read Gelip çykyş Chapter 5 Online

Read Gelip çykyş Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 5

Bap 5

1. Adamyň nesilleriniň ýazylan kyssasy şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.

2. Hudaý olary erkek we aýal edip ýaratdy; onsoň olara pata berip, olary «ynsan» diýip atlandyrdy.

3. Adam ýüz otuz ýaşyndaka, ondan öz keşbinde, özüne meňzeş bir ogul dünýä indi. Ol oglunyň adyna Şis dakdy.

4. Şis doglandan soň, Adam sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

5. Şeýdip, Adam jemi dokuz ýüz otuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

6. Şis ýüz bäş ýaşyndaka, ondan Enoş doguldy.

7. Enoş doglandan soň, Şis sekiz ýüz ýedi ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

8. Şeýdip, Şis jemi dokuz ýüz on iki ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

9. Enoş togsan ýaşyndaka, ondan Keýnan doguldy.

10. Keýnan doglandan soň, Enoş sekiz ýüz on bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

11. Şeýdip, Enoş jemi dokuz ýüz bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

12. Keýnan ýetmiş ýaşyndaka, ondan Mahalaleýel doguldy.

13. Mahalaleýel doglandan soň, Keýnan sekiz ýüz kyrk ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

14. Şeýdip, Keýnan jemi dokuz ýüz on ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

15. Mahalaleýel altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Ýeret doguldy.

16. Ýeret doglandan soň, Mahalaleýel sekiz ýüz otuz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

17. Şeýdip, Mahalaleýel jemi sekiz ýüz togsan bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

18. Ýeret ýüz altmyş iki ýaşyndaka, ondan Hanok doguldy.

19. Hanok doglandan soň, Ýeret sekiz ýüz ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

20. Şeýdip, Ýeret jemi dokuz ýüz altmyş bäş ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

21. Hanok altmyş bäş ýaşyndaka, ondan Metuşela doguldy.

22. Metuşela doglandan soň, Hanok ýene üç ýüz ýyl ýaşady we Hudaýyň huzurynda gezdi. Ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

23. Şeýdip, Hanogyň ýaşan günleri üç ýüz altmyş bäş ýyl boldy.

24. Hanok Hudaýyň huzurynda gezdi; soňra ol birdenkä gaýyp boldy, sebäbi Hudaý ony öz ýanyna alypdy.

25. Metuşela ýüz segsen ýedi ýaşyndaka, ondan Lemek doguldy.

26. Lemek doglandan soň, Metuşela ýedi ýüz segsen iki ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

27. Şeýdip, Metuşela jemi dokuz ýüz altmyş dokuz ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

28. Lemek ýüz segsen iki ýaşyndaka, ondan bir ogul dünýä indi.

29. Lemek: «Rebbiň topragy näletländigi sebäpli, biz agyr zähmet çekmeli bolýarys. Bu çaga biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer» diýip, onuň adyna Nuh dakdy.

30. Nuh doglandan soň, Lemek bäş ýüz togsan bäş ýyl ýaşady we ondan ençeme ogul-gyz dünýä indi.

31. Şeýdip, Lemek jemi ýedi ýüz ýetmiş ýedi ýyl ýaşap dünýäden ötdi.

32. Nuh bäş ýüz ýaşyndaka, ondan Sam, Ham we Ýafes dünýä indi. ‎

About Gelip çykyş Chapter 5

Read Gelip çykyş Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 5
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 5?

Gelip çykyş Chapter 5 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 15
  7. Gelip çykyş Chapter 39

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 31
  2. Gelip çykyş Chapter 48
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 4
  4. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
  5. Zakarýa Chapter 11
  6. Işaýa Chapter 53
  7. Eýýup Chapter 11

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 17
  4. Kanun taglymaty Chapter 8
  5. Müsürden çykyş Chapter 12
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9
  7. 1 Şamuwel Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *