Read Eýýup Chapter 41 Online
Read Eýýup Chapter 41 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 41
Bap 41
1. «Ony tutmak umydy netijesizdir, Garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.
2. Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur, Kim Meniň öňümde durup biljek?
3. Kim Menden hasabat bermegimi soraýar? Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.
4. Liwýatanyň beden agzalary, Beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.
5. Kim onuň sowudyny çykaryp biler? Kim oňa ýarag bilen golaýlaşyp biler?
6. Kim onuň agzyny açmaga ýürek eder? Agzyndaky dişleri gorkunçdyr.
7. Arkasy ykjam möhür bilen mäkämlenen, Hatar-hatar galkanlar bilen örtülen.
8. Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin, Hatda aralaryndan howa geçmeýär.
9. Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar, Mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.
10. Asgyranda ot saçýar, Gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.
11. Agzyndan ýalyn çykýar, Ot uçgunlary syçraýar.
12. Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan, Ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
13. Demi kömürleri köredýär, Agzyndan alaw çykýar.
14. Güýç onuň boýnundadyr, Gorky onuň huzurynda tans edýär.
15. Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp, Endamynda berkän, ol gymyldamaýar.
16. Ýüregi daş kimin gaty, Degirmen daşy kimin gatydyr.
17. Ol ýerinden galanda, güýçliler lerzana gelýär, Gorkudan ýaňa titräp, özlerini ýitirýärler.
18. Oňa gylyç kär etmez, Naýza, hanjar we ok ötmez.
19. Ol demri saman, Bürünji çüýrük agaç saýýar.
20. Atylan okdan gaçmaz, Sapan daşlary oňa saman ownugy kimindir.
21. Serdesseleri saman saýýar, Özüne tarap zyňylan naýzalara gülýär.
22. Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir, Palçygyň üstüne süýnüp, mala basylan ýaly yz galdyrýar.
23. Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar, Deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär,
24. Yzynda parlak yz galdyrýar, Deňiz agaran saça meňzedilýär.
25. Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur, Bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.
26. Ol ähli jandarlaryň içinde iň tekepbiridir, Ýyrtyjy haýwanlaryň iň boýnyýogynydyr».
About Eýýup Chapter 41
Read Eýýup Chapter 41 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 41
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 41 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 41?
Eýýup Chapter 41 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 41 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 9
- Eýýup Chapter 4
- Eýýup Chapter 13
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 10
- Eýýup Chapter 3
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 93
- Müsürden çykyş Chapter 32
- Gelip çykyş Chapter 41
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30
- Müsürden çykyş Chapter 2
- Işaýa Chapter 40
- Müsürden çykyş Chapter 29