Gelip çykyş Chapter 44

For English

Read Gelip çykyş Chapter 44 Online

Read Gelip çykyş Chapter 44 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Gelip çykyş 44

Bap 44

1. Ýusup baş hyzmatkärine şeýle buýruk berdi: «Bu doganlaryň horjunlaryny olaryň göterip biljek azyklaryndan doldurarsyň; getiren pullaryny-da olaryň horjunlarynyň agzynda goýarsyň.

2. Körpeleriniň horjunyna bolsa onuň galla tölemek üçin getiren puly bilen meniň kümüş käsämi salarsyň». Baş hyzmatkär Ýusubyň buýrugyny ýerine ýetirdi.

3. Bular daňdan eşekleri bilen ol ýerden ugradyldy.

4. Olar heniz galadan uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de, olara: „Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermäňiz näme?

5. Bu meniň jenabymyň içýän, seredip, geljegi bilýän käsesi ahyryn. Siz pis iş etdiňiz“ diý» diýip buýurdy.

6. Baş hyzmatkär doganlaryň yzyndan ýetip, olara Ýusubyň sözlerini gaýtalady.

7. Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris.

8. Biz öz horjunlarymyzdan çykan pullary-da Kengandan yzyna getirdik. Onsoň biz seniň jenabyňyň öýünden altyn-kümşi näme üçin ogurlaly ahyryn?!

9. Eger käse gullaryňyň birinden çykaýsa, goý, şol adam öldürilsin. Galanlarymyz bolsa jenaba gul bolarys».

10. Baş hyzmatkär: «Goý, siziň diýşiňiz ýaly bolsun, ýöne käse kimden çyksa, diňe şol maňa gul bolar, beýlekileriňiz bolsa boşadylarsyňyz» diýdi.

11. Olar dessine horjunlaryny ýere düşürip, olaryň agzyny açdylar.

12. Baş hyzmatkär ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä hemmesiniň horjunyny barlady. Käse Benýaminiň horjunyndan çykdy.

13. Muňa olar dady-perýat etdiler. Soňra olaryň hersi goşlaryny eşeklerine ýükläp, yzlaryna gala dolandylar.

14. Ýusup heniz öýdedi. Ýahuda hem onuň doganlary Ýusubyň ýanyna gelip, onuň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdiler.

15. Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi.

16. Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys».

17. Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».

18. Şu sözlerden soň Ýahuda Ýusubyň golaýyna baryp: «Jenabym, öz guluňa iki agyz söz aýtmaga rugsat et. Maňa gaharlanmaň; siz fyrown kiminsiňiz.

19. Jenabym gullaryňyzdan: „Kakaňyz ýa-da doganyňyz barmy?“ diýip soradyňyz.

20. Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk.

21. Siz bolsa öz gullaryňyza: „Ony getiriň, men bir göreýin“ diýdiňiz.

22. Biz: „Oglan kakasyndan aýrylyp bilmez, eger ol aýrylaýsa, onuň kakasy jan berer“ diýdik.

23. Ýöne siz: „Körpe doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni asla görmersiňiz“ diýdiňiz.

24. Guluň kakamyza seniň diýenleriňi gürrüň berdik.

25. Onsoň kakam bize: „Ýene-de gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň“ diýdi.

26. Biz oňa: „Körpämizi biziň bilen iberseň, biz gideris, ýogsa gitmeris, çünki biz körpämiz bilen bile barmasak, häkimi görüp bilmeris“ diýdik.

27. Şonda guluň kakamyz bize: „Aýalymyň maňa iki ogul dogrup berendiginden siziň habaryňyz bardyr.

28. Birinden aýra düşdüm. ‘Ol parçalanypdyr’ diýdim. Şondan soň men ony asla görmedim.

29. Indi muny-da alyp gitseňiz, olam ýolda bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz“ diýdi.

30. Şu sözlerden soň oglany goýup, guluň kakamyzyň ýanyna biz nädip baraly?! Onuň jany oglunda ahyryn.

31. Oglunyň ýanymyzda ýokdugyny görse, ol jan berer. Şeýdip, biz garry atamyzy ölüler dünýäsine hasrat bilen ibereris.

32. Üstesine-de, men guluň: „Eger men oglany saňa gaýtaryp getirmesem, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn“ diýip, oglana öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçdim.

33. Şoňa görä, oglana derek jenaba men gul bolaýyn, ol bolsa, goý, doganlary bilen bile yzyna dolansyn.

34. Çünki men oglany bu ýerde taşlap baryp, kakamyň ýüzüne nähili seredeýin. Men kakamyň çekjek hasratyny görmekden gorkýaryn». ‎

About Gelip çykyş Chapter 44

Read Gelip çykyş Chapter 44 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 44
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 44 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 44?

Gelip çykyş Chapter 44 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 44 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 39
  7. Gelip çykyş Chapter 15

Explore More from Köne Äht

  1. Işaýa Chapter 34
  2. Zebur Chapter 20
  3. Ezekiýel Chapter 29
  4. Ezekiýel Chapter 42
  5. Kanun taglymaty Chapter 4
  6. Nagmalar nagmasy Chapter 5
  7. Danyýel Chapter 9

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 13
  2. Işaýa Chapter 31
  3. Zebur Chapter 1
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 5
  5. Müsürden çykyş Chapter 29
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
  7. 1 patyşalar Chapter 10
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *