Gelip çykyş Chapter 48

For English

Read Gelip çykyş Chapter 48 Online

Read Gelip çykyş Chapter 48 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 48

Bap 48

1. Şu wakalardan soň Ýusuba «Kakaň hassadyr» diýen habar geldi. Ýusup iki ogluny Manaşe bilen Efraýymy ýanyna alyp ýola düşdi.

2. Ýakuba: «Ogluň Ýusup seni görmäge geldi» diýip habar berdiler. Ysraýyl ähli güýjüni jemläp, düşeginde dikelip oturdy.

3. Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Alla Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.

5. Men Müsüre gelmezimden öň, bu ýerde doglan iki ogluň Efraýym bilen Manaşe edil Ruben bilen Şimgon ýaly meniň ogullarymdyr.

6. Olardan soňky doguljak ogullaryň seniňki bolsun. Olar Efraýym bilen Manaşeden miras alarlar.

7. Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Eprata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Eprata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».

8. Ysraýyl Ýusubyň ogullaryny görüp, ondan: «Bular kim?» diýip sorady.

9. Ýusup kakasyna: «Bular meniň ogullarym» diýip jogap berdi. Ýakup Ýusuba: «Olary meniň ýanyma getir, men olara pata bereýin» diýdi.

10. Garrylykdan ýaňa Ysraýylyň gözleri kütelişipdi we ol gowy görüp bilmeýärdi. Onsoň Ýusup ogullaryny kakasynyň alkymyna getirdi. Ýakup olary gujaklap ogşady.

11. Ysraýyl Ýusuba: «Men seniň didaryňy görmekden umydymy üzüpdim, ýöne Reb maňa seniň çagalaryňy-da görkezdi» diýdi.

12. Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi.

13. Soňra Ýusup Efraýymy sagyna alyp, Ysraýylyň çep tarapyna, Manaşäni bolsa çepine alyp, Ysraýylyň sag tarapyna golaý getirdi.

14. Ýöne Ysraýyl ellerini çalşyryp, kiçi agtygy Efraýymyň başyna sag elini, uly agtygy Manaşäniň başyna bolsa çep elini goýdy.

15. Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, Ömür boýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,

16. Ähli şer işlerden meni goran perişde Bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady Şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»

17. Kakasynyň sag elini Efraýymyň başyna goýmagy, Ýusuba ýaramady. Ýusup: «Kaka, beýle däl. Ulusy, ine, budur – Manaşedir. Sag eliňi onuň başyna goý» diýip, kakasynyň elini Efraýymyň başyndan aýryp, ony Manaşäniň başyna goýjak boldy.

19. Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşe hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.

20. Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir-birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşäni ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ Diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşeniň adyndan öňe geçirdi.

21. Soňra Ysraýyl Ýusuba: «Meniň sanaglym dolup barýar. Emma Hudaý siziň bilen bile bolar we sizi ýene-de öz ata-babalaryňyzyň mekanyna elter.

22. Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi. ‎

About Gelip çykyş Chapter 48

Read Gelip çykyş Chapter 48 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 48
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 48 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 48?

Gelip çykyş Chapter 48 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 48 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 30
  5. Gelip çykyş Chapter 43
  6. Gelip çykyş Chapter 15
  7. Gelip çykyş Chapter 39

Explore More from Köne Äht

  1. Eýýup Chapter 12
  2. Lewiler kitaby Chapter 18
  3. Işaýa Chapter 48
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 12
  5. Eýýup Chapter 30
  6. Kanun taglymaty Chapter 28
  7. Gelip çykyş Chapter 33

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 117
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 10
  3. Kanun taglymaty Chapter 9
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
  5. Resullaryň Işleri Chapter 1
  6. Ezekiýel Chapter 15
  7. Zebur Chapter 6
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *