Gelip çykyş Chapter 15

For English

Read Gelip çykyş Chapter 15 Online

Read Gelip çykyş Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 15

Bap 15

1. Şu wakalardan soň Reb Ybrama görnüp, oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».

2. Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen maňa näme berjek? Men perzentsiz öterin! Hojalygym damaskly Eligezere miras galar.

3. Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi.

4. Ybrama Rebbiň şu sözi geldi: «Ol seniň mirasdaryň bolmaz, öz biliňden önjek seniň mirasdaryň bolar» diýdi.

5. Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesilleriň bolar» diýdi.

6. Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogruçyl hasaplady.

7. Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin seni babyllaryň Ur galasyndan çykaran Reb – Mendirin» diýdi.

8. Ybram: «Eý Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi.

9. Reb oňa: «Maňa üçýaşar göle, üçýaşar geçi, üçýaşar goç, gumry hem-de ýaş kepderi getir» diýdi.

10. Ybram getirip, olaryň hersini iki bölege böldi we her bölegi öz jübütiniň garşysynda goýdy. Ýöne ol guşlary bölmedi.

11. Ybram läşleriň üstünde aýlanyşýan çaýkelleri kowdy.

12. Gün ýaşyp barýarka, Ybramy agyr uky basmarlady; onuň üstüne elhenç gorky howpy abandy.

13. Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun, seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.

14. Emma Men seniň nesliňi gul eden halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.

15. Sen bolsaň uzak ýaşap, asudalykda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň.

16. Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».

17. Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.

18. «Müsür derýasyndan tä beýik Perat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy – kabyllaryň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesilleriňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi. ‎

About Gelip çykyş Chapter 15

Read Gelip çykyş Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 15
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 15?

Gelip çykyş Chapter 15 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 39
  7. Gelip çykyş Chapter 28

Explore More from Köne Äht

  1. 1 Şamuwel Chapter 8
  2. Müsürden çykyş Chapter 14
  3. Zebur Chapter 47
  4. Eýýup Chapter 22
  5. Nehemýa Chapter 1
  6. Gelip çykyş Chapter 34
  7. Zebur Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
  2. Zebur Chapter 79
  3. Işaýa Chapter 8
  4. Ýewreýlere haty Chapter 9
  5. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *