Gelip çykyş Chapter 31

For English

Read Gelip çykyş Chapter 31 Online

Read Gelip çykyş Chapter 31 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 31

Bap 31

1. Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup biziň kakamyzyň ähli emlägine eýe boldy. Ol özüniň bütin baýlygyny kakamyzyň hasabyna gazandy» diýen gürrüňini eşitdi. Ýakup Labanyň hem özüne bolan garaýşynyň öňküsi ýaly däldigini gördi.

3. Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi.

4. Şoňa görä Ýakup Rahel bilen Leýany meýdana, dowarlaryň ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Görýärin welin, kakaňyzyň maňa garaýşy öňküsi ýaly däl. Ýöne kakamyň Hudaýy meniň bilendir.

6. Kakaňyza meniň janymy aýaman hyzmat edendigimi siz bilýänsiňiz.

7. Kakaňyz bolsa meni aldap, zähmet hakymy on gezek üýtgetdi, ýöne Hudaý oňa maňa zelel ýetirmäge ýol bermedi.

8. Laban maňa: „Tegmiltli dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende, dowarlar uçdantutma tegmiltli guzulary guzladylar. Ol: „Ala-mula dowarlar seniň hakyň bolsun“ diýende bolsa, dowarlar uçdan-tutma ala-mula owlak-guzulary guzladylar.

9. Şeýdip, Hudaý kakaňyzyň dowarlaryny ondan alyp, maňa berdi.

10. Dowarlaryň höwre gelýän möwsüminde men bir düýş gördüm. Düýşümde çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallymyş.

11. Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim.

12. Perişde: „Seret, çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallydyr. Labanyň saňa edýän zatlarynyň ählisini Men gördüm“ diýdi.

13. Men Beýtel Hudaýydyryn. Sen ol ýerde bir uly daşyň üstüne zeýtun ýagyny guýupdyň we ant içipdiň. Indi sen bu ýurtdan git-de, öz dogduk mekanyňa dolan» diýdi.

14. Rahel bilen Leýa Ýakuba şeýle jogap berdiler: «Atamyzyň öýünde bize ne paý, ne-de miras bar.

15. Biz keseki hasaplanmaýasmy näme?! Çünki ol bizi satdy, biz üçin tölenen kümüşleri-de satyp iýdi.

16. Hudaýyň kakamyzyň elinden alan ähli baýlygy bize hem biziň çagalarymyza degişlidir. Indi sen Hudaýyň diýenini ýerine ýetir».

17. Şeýdip, Ýakup çagalarydyr aýallaryny düýelere mündürip, ähli mallaryny – Padanaramda toplan ähli mal-mülküni alyp, öz kakasy Yshagyň ýanyna – Kengan ýurduna tarap ýola düşdi.

19. Laban öz dowarlaryny gyrkmaga giden wagty, Rahel kakasynyň öý butlaryny ogurlady.

20. Ýakup bolsa özüniň bu ýerden gaçýandygyny Laban aramlydan gizlemek bilen ony aldawa saldy.

21. Şeýdip, Ýakup ähli emlägini alyp, ol ýerden gaçdy. Ol Perat derýasyndan geçip, Gilgat daglygyna tarap ýöneldi.

22. Üçünji gün Ýakubyň gaçandygy hakdaky habar Labana gelip ýetdi.

23. Laban garyndaşlaryny ýanyna alyp, ýedi günläp Ýakubyň yzyndan kowup, Gilgat daglygynda onuň yzyndan ýetdi.

24. Şol gije Hudaý Laban aramlynyň düýşünde oňa: «Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme» diýdi.

25. Laban Ýakubyň yzyndan ýetende, Ýakup daglykda öz çadyryny gurupdy. Laban hem öz garyndaşlary bilen Gilgat daglygynda öz çadyrlaryny gurdy.

26. Laban Ýakuba şeýle diýdi: «Bu näme etdigiň boldy? Näme üçin meni aldadyň we gyzlarymy söweşde ele salnan ýesirler ýaly edip alyp gaýtdyň?

27. Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we barbat bilen ugradardym.

28. Sen hatda maňa agtyklarymydyr gyzlarymy ogşamaga-da mümkinçilik bermediň. Sen akmaklyk etdiň.

29. Saňa ýamanlyk etmäge meniň güýjüm ýetýär. Emma seniň ataňyň Hudaýy öten agşam maňa: „Gulak as! Ýakuba ýagşydan-ýamandan zat diýme“ diýip tabşyrdy.

30. Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň butlarymy ogurlap gaýtmaň näme?»

31. Ýakup Labana şeýle jogap berdi: «Gyzlaryňy elimden alarsyň öýdüp gorkdum.

32. Ýöne seniň butlaryňy ogurlap gaýdan diri galmaz. Garyndaşlarymyzyň gözüniň alnynda ähli goşlary barlap çyk-da, özüňe degişli näme tapsaň, al-da gidiber». Butlary Raheliň ogurlandygyndan Ýakup bihabardy.

33. Laban Ýakubyň, Leýanyň we iki gyrnagyň çadyryny barlady, ýöne butlary tapmady. Ol Leýanyň çadyryndan çykyp, Raheliňkä girdi.

34. Rahel butlary alypdy we olary düýäniň howdunyň aşagynda gizläp, özi-de onuň üstünde oturypdy. Laban çadyryň ähli ýerini barlap çykdy, ýöne olary tapmady.

35. Rahel kakasyna: «Kaka, seniň ýanyňda ýerimden turmaýanlygym üçin meni bagyşla, çünki häzir men görüm görýärin» diýdi. Laban hernäçe agtarsa-da, butlardan derek tapyp bilmedi.

36. Ýakup gaharlanyp, Labana şeýle diýdi: «Beýle yzarlaryň ýaly, meniň näme etmişim, näme günäm bar?

37. Sen meniň ähli zatlarymy dörüp çykdyň, emma öý goşlaryňdan, heý, tapan zadyň boldumy? Eger bir zat tapan bolsaň, hany, onda ony özüňiň we meniň garyndaşlarymyň öňünde goý, haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, olaryň özi çözsün.

38. Ine, ýigrimi ýyllap men seniňkide bolanymda, seniň goýunlaryňdyr geçileriň guzy ýa owlak düşüren däldir. Men seniň sürüleriňden ýekeje goç-da iýen däldirin.

39. Ýyrtyjy haýwanlaryň parçalan mallaryny men seniň ýanyňa getirip hem durmadym; men hemişe ýitenleri öz boýnuma aldym. Gündiz ogurlanandygy-da, gije ogurlanandygy-da belli bolmadyklary sen menden talap etdiň.

40. Gündiz jöwzadan, gije aňzakdan ejir çekerdim. Gijeleri çirim etmän geçirerdim.

41. Öýüňde ýaşan ýigrimi ýylym, ine, şeýle geçdi. Iki gyzyň üçin on dört ýyl, dowarlaryň üçin alty ýyl hyzmatyňy etdim. Emma sen meniň zähmet hakymy on gezek üýtgetdiň.

42. Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».

43. Onsoň Laban Ýakuba: «Aýallaryň meniň gyzlarym, çagalaryň meniň çagalarym, dowarlaryň meniň dowarlarym. Ine, şu görýän zatlaryň ählisi meniňkidir. Ýöne men öz gyzlarymy hem olaryň çagalaryny yzyna alyp bilmen ahyryn.

44. Gel, ikimiz özara äht edişeli. Bu äht ikimize şaýat bolsun» diýdi.

45. Ýakup bir uly daşy aldy-da, ony dikdi.

46. Soňra ol öz garyndaşlaryna: «Daş toplaň» diýdi. Olar ýygnan daşlaryndan bir üýşmek ýasap, onuň gapdalynda naharlandylar.

47. Ol üýşmegi Laban Ýagar-sahaduta, Ýakup bolsa Galet diýip atlandyrdy.

48. Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy.

49. Bu uly daşa Mispa diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi.

50. Laban Ýakuba ýene-de şeýle diýdi: «Eger gyzlaryma azar beräýseň ýa-da olaryň üstüne aýal alaýsaň, onda bilip goýgun, aralykda adam bolmasa-da, bize Hudaýyň Özi şaýatdyr. Ine, şu daş üýşmegi bilen şu dikme daş biziň ähtimize şaýatlyk etsin.

52. Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin.

53. Ybraýymyň Hudaýy we Nahoryň hudaýy (olaryň atalarynyň hudaýlary) biziň aramyzda höküm etsinler!» diýdi. Soňra Ýakup öz kakasy Yshagyň Heder Edýäninden ant içdi.

54. Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar.

55. Laban daň bilen turup, agtyklarydyr gyzlaryny ogşap, olara pata berip, öz mekanyna gaýtdy. ‎

About Gelip çykyş Chapter 31

Read Gelip çykyş Chapter 31 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 31
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 31 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 31?

Gelip çykyş Chapter 31 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 31 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 15
  7. Gelip çykyş Chapter 39

Explore More from Köne Äht

  1. 2 Şamuwel Chapter 12
  2. Ezekiýel Chapter 1
  3. Ýeşuwa Chapter 2
  4. Zebur Chapter 131
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 3
  6. Gelip çykyş Chapter 24
  7. Ýunus Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Kanun taglymaty Chapter 7
  2. Petrusyň ikinji haty Chapter 1
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  4. 1 patyşalar Chapter 19
  5. Zebur Chapter 135
  6. Wagyz kitaby Chapter 1
  7. Kanun taglymaty Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *