Gelip çykyş Chapter 47

For English

Read Gelip çykyş Chapter 47 Online

Read Gelip çykyş Chapter 47 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 47

Bap 47

1. Şeýdip, Ýusup doganlaryndan bäşisini alyp, Goşen welaýatyndan gaýtdy we fyrownyň ýanyna gelip, oňa: «Kakam hem doganlarym özleriniň maşgalasy, ownukly-irili mallary we ähli goş-golamlary bilen Kengandan geldiler. Olar häzir Goşende» diýdi. Onsoň Ýusup doganlaryny fyrown bilen tanyş etdi.

3. Fyrown olardan: «Käriňiz näme?» diýip sorady. Olar fyrowna: «Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly çopandyrys» diýip jogap berdiler.

4. Olar fyrowna: «Ýowuz açlyk zerarly Kenganda dowarlarymyz üçin öri galmansoň, biz Müsürde gelmişek bolup ýaşamaga geldik. Şoňa görä-de siz öz gullaryňyza Goşen welaýatynda mesgen tutmaga ygtyýar ediň» diýdiler.

5. Fyrown Ýusuba şeýle diýdi: «Kakaňdyr doganlaryň seniň ýanyňa gelipdirler.

6. Müsüriň çar tarapy seniň üçin açykdyr. Olary ýurduň iň oňat ýerinde ýerleşdir. Goý, olar Goşen welaýatynda mesgen tutsunlar. Eger olaryň arasynda ukyplylary bar bolsa, olara meniň mallaryma seretdir».

7. Soňra Ýusup kakasyny fyrownyň huzuryna getirip, onuň bilen tanyş etdi. Ýakup fyrowna pata berdi.

8. Fyrown Ýakupdan: «Näçe ýaşyňda?» diýip sorady.

9. Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.

10. Ýakup fyrowna ýene-de pata berip, onuň ýanyndan gaýtdy.

11. Ýusup kakasydyr doganlaryny Müsürde ýerleşdirdi. Ýusup fyrownyň özüne buýruşy ýaly edip, olara Müsüriň iň gowy ýeri bolan Ragmeses etrabyndan mülk berdi.

12. Ol kakasyny, doganlaryny we kakasynyň ähli hojalygyny – iň körpesine çenli azyk bilen üpjün etdi.

13. Açlyk juda ýowuzlaşyp, hiç ýerde iýmit ýokdy. Açlyk Müsürdir Kenganyň halklaryny halys ysgyndan gaçyrdy.

14. Ýusup galla satyp, Müsüriň hem Kenganyň ähli pullaryny syryp-süpürip aldy. Ol pullary fyrownyň köşgüne getirdi.

15. Şunlukda, Müsüriň-de, Kenganyň-da pulunyň soňuna çykylansoň, ähli müsürliler Ýusubyň ýanyna gelip, oňa: «Bize azyk ber. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmeli bolarysmy?! Pulumyzdan galan zat ýok» diýdiler.

16. Ýusup olara: «Eger puluňyz bolmasa, onda azygy mala çalşaýalyň» diýdi.

17. Şeýdip, olar öz mallaryny Ýusuba getirip berdiler. Ýusup hem olaryň atlaryny, ownukly-irili mallaryny we eşeklerini azyga çalyşdy. Şol ýyl Ýusup halkyň mallaryny alyp, olary azyk bilen üpjün etdi.

18. Bir ýyl geçdi. Indiki ýyl müsürliler ýene-de Ýusubyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz jenabymyzdan hiç zady ýaşyrmarys; bar pullarymyzy gutardyk, mallarymyzy bolsa biz size berdik. Size berer ýaly tenimizden we mülklerimizden başga galan zat ýokdur.

19. Indi biz gözüňiziň alnynda öläýmelimi, mülklerimiz çöle dönäýmelimi? Bizi mülklerimiz bilen bile al-da, bize azyk ber. Mülklerimiz bilen bile fyrowna gul bolaly. Biziň ölmezimiz ýaly, mülklerimiziň-de çöle dönmezi ýaly, siz bize tohum beriň».

20. Şeýdip, Ýusup Müsüriň ähli mülklerini fyrown üçin satyn aldy. Ähli müsürliler ýowuz açlyga döz gelip bilmän, öz mülklerini satdylar. Şeýlelikde, tutuş Müsür topragy fyrownyň eline geçdi.

21. Ýusup Müsüriň başdan-aýak ähli halkyny gula öwürdi.

22. Ol diňe ruhanylaryň mülk ýerine degmedi, çünki ruhanylara fyrown tarapyndan bellenen möçberde hak tölenilýärdi we olar şol tölenen hak bilen güzeran görýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz mülklerini satmadylar.

23. Ýusup Müsür halkyna şeýle diýdi: «Fyrown üçin sizi ýerleriňiz bilen bile satyn aldym. Ine, tohum, alyň-da, ekiň.

24. Siz alan hasylyňyzyň bäşden bir bölegini fyrowna berersiňiz, dörtden bir bölegini bolsa özüňize tohum üçin, hojalyklaryňyza we çagalaryňyza azyk üçin alarsyňyz».

25. Olar: «Siz bizi halas etdiňiz; jenabymyz razy bolsa, biz fyrowna gul bolarys» diýdiler.

26. Şeýdip, Ýusup ruhanylardan başga hemmeleriň hasylynyň bäşden bir böleginiň fyrowna berilmelidigi hakynda höküm çykardy. Bu höküm şu günki güne çenli hem öz güýjündedir.

27. Ysraýyllar Müsüriň Goşen welaýatynda mesgen tutup, şol welaýatda özlerine mülk edindiler. Olar örňäp, juda köpeldiler.

28. Ýakup Müsürde on ýedi ýyl ýaşady. Ol ýüz kyrk ýedi ýyl ýaşady.

29. Ölüm pursaty golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi satanymyň arasyna goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.

30. Ata-babalarymyň ýanynda ýatarym ýaly, meni Müsürden äkidip, şolaryň ýanynda jaýla». Ýusup oňa: «Aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.

31. Ysraýyl Ýusuba: «Ant iç!» diýdi. Ýusup ant içdi. Onsoň Ysraýyl düşeginiň başynda tagzym etdi. ‎

About Gelip çykyş Chapter 47

Read Gelip çykyş Chapter 47 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 47
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 47 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 47?

Gelip çykyş Chapter 47 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 47 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 3
  3. Gelip çykyş Chapter 12
  4. Gelip çykyş Chapter 40
  5. Gelip çykyş Chapter 28
  6. Gelip çykyş Chapter 13
  7. Gelip çykyş Chapter 2

Explore More from Köne Äht

  1. Kanun taglymaty Chapter 32
  2. Nehemýa Chapter 4
  3. Gelip çykyş Chapter 42
  4. 1 Şamuwel Chapter 3
  5. Ýermeýa Chapter 29
  6. 2 patyşalar Chapter 19
  7. Ýermeýa Chapter 52

Related Chapters & Readings

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
  2. Işaýa Chapter 59
  3. Resullaryň Işleri Chapter 9
  4. Petrusyň ikinji haty Chapter 3
  5. Ezra Chapter 5
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 31
  7. Hoşeýa Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *