Gelip çykyş Chapter 37

For English

Read Gelip çykyş Chapter 37 Online

Read Gelip çykyş Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 37

Bap 37

1. Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy.

2. Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly bolan Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.

3. Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa aýratyn don tikipdi.

4. Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de olar Ýusuby ýigrenerdiler we olaryň Ýusup bilen sözleri alyşmazdy.

5. Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.

6. Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm.

7. Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler».

8. Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.

9. Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi.

10. Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi.

11. Şeýdip, doganlary Ýusuba gabanjaňlyk edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.

12. Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi.

14. Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.

15. Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip sorady.

16. Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarkalar?» diýdi.

17. Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: „Dotana gideliň“ diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.

18. Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar.

19. Olar biri-birlerine: «Hanha, düýşüň ussady gelýär.

20. Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýylaryň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.

21. Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy.

22. Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi.

23. Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki aýratyn donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar.

25. Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar.

26. Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlugymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?!

27. Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň jan ýaly doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar.

28. Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.

29. Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.

30. Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi.

31. Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar.

32. Olar Ýusubyň aýratyn donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler.

33. Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady.

34. Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.

35. Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen olüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.

36. Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde fyrownyň janpenalarynyň baştutany Potypara satypdylar. ‎

About Gelip çykyş Chapter 37

Read Gelip çykyş Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 37
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 37 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 37?

Gelip çykyş Chapter 37 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 37 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 39
  7. Gelip çykyş Chapter 15

Explore More from Köne Äht

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17
  2. Zebur Chapter 141
  3. Zebur Chapter 49
  4. Gelip çykyş Chapter 16
  5. Kanun taglymaty Chapter 4
  6. Zebur Chapter 93
  7. 2 Şamuwel Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. Müsürden çykyş Chapter 38
  2. Zebur Chapter 117
  3. Eýýup Chapter 12
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 2
  5. Zebur Chapter 21
  6. Işaýa Chapter 65
  7. Zebur Chapter 94
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *