Gelip çykyş Chapter 6

For English

Read Gelip çykyş Chapter 6 Online

Read Gelip çykyş Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 6

Bap 6

1. Bütin dünýäde adamlar köpelip başlap, olardan ençeme gyzlar dünýä indi.

2. Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar.

3. Şol sebäpli Reb: «Men adamzady ebedilik ýaşatmaryn, çünki olar tendir; onuň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar» diýdi.

4. Şol zamanda hatda ondan gijräkki döwürlerde-de, dünýäde nefiller bardy. Olar ylahy barlyklar bilen ynsan gyzlarynyň nesilleridi. Nefiller gadym eýýämden bäri belli, at-abraýly gahrymanlardy.

5. Bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny Reb gördi.

6. Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.

7. Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi.

8. Ýöne Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy.

9. Nuhuň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi.

10. Nuhuň Sam, Ham, Ýafes atly üç ogly bardy.

11. Hudaýyň nazarynda ýer ýüzi azgynçylykdan we zulumdan doludy.

12. Hudaý ýer ýüzündäki azgynçylygy gördi, çünki ähli janly-jandarlar azgynçylyga ýüz urupdy.

13. Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek.

14. Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal.

15. Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz gez bolsun.

16. Oňa üçekde ýasa, üçegiň boýy bir gez bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa.

17. Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.

18. Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň.

19. Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün.

20. Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler.

21. Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün».

22. Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. ‎

About Gelip çykyş Chapter 6

Read Gelip çykyş Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 6
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 6?

Gelip çykyş Chapter 6 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 15
  7. Gelip çykyş Chapter 39

Explore More from Köne Äht

  1. Gelip çykyş Chapter 3
  2. Mika Chapter 6
  3. Ester Chapter 8
  4. Gelip çykyş Chapter 23
  5. Ezekiýel Chapter 39
  6. Malaky Chapter 4
  7. Zebur Chapter 37

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 91
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 6
  3. 1 patyşalar Chapter 5
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 6
  5. Zebur Chapter 149
  6. Kanun taglymaty Chapter 4
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 10
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *