Gelip çykyş Chapter 13

For English

Read Gelip çykyş Chapter 13 Online

Read Gelip çykyş Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Gelip çykyş 13

Bap 13

1. Ybram aýalyny hem ähli emlägini alyp, Müsürden çykyp, Negep çölüne gitdi. Lut hem onuň ýanyndady. Ybram bilen Lut biri-birinden aýrylyşýarlar

2. Ybram juda baýdy. Onuň süri-süri ownukly-irili mallary, altyn-kümüşleri bardy.

3. Ybram Negep çölünden gaýdyp, göçüp-gonup, syýahatyny Beýtele çenli dowam etdirdi. Ol Beýtel bilen Aýyň aralygyndaky öňki çadyr diken ýerine bardy we öňki guran gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň adyna ybadat etdi.

5. Ybram bilen bile gelen Lutuň hem ownukly-irili mallary we çadyrlary bardy.

6. Mallary juda köp bolansoň, olara öri darlyk etdi. Şol sebäpli hem olar bile ýaşap biljek däldiler.

7. Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar.

8. Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys.

9. Ine, tutuş ýurt seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Biz aýrylyşaly. Sen saga gitseň, men sola giderin, sen sola gitseň, men saga giderin» diýdi.

10. Lut daş-töweregine göz aýlap, Iordan deresiniň Sogara çenli edil Rebbiň bagy, Müsür topragy ýaly, bu ýeriň bol suwdan ganandygyny gördi. Bu Rebbiň Sodomy we Gomorany weýran etmezinden öňdi.

11. Lut özüne Iordan deresini saýlap alyp, gündogara tarap ýola rowana boldy. Şeýdip, olar aýrylyşdylar.

12. Ybram Kenganda, Lut bolsa Iordan deresindäki galalarda düşlediler. Lut çadyryny Sodomyň çetinde dikdi.

13. Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.

14. Lut aýrylyp gidenden soň, Reb Ybrama şeýle diýdi: «Häzirki oturan ýeriňden demirgazyga we günorta, gündogara we günbatara gözüňi aýla.

15. Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.

16. Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.

17. Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».

18. Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy. ‎

About Gelip çykyş Chapter 13

Read Gelip çykyş Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Gelip çykyş
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Gelip çykyş Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Gelip çykyş Chapter 13?

Gelip çykyş Chapter 13 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Gelip çykyş

  1. Gelip çykyş Chapter 18
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Gelip çykyş Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 43
  5. Gelip çykyş Chapter 30
  6. Gelip çykyş Chapter 39
  7. Gelip çykyş Chapter 15

Explore More from Köne Äht

  1. Ezekiýel Chapter 18
  2. Çölde Chapter 35
  3. Çölde Chapter 18
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 14
  5. Lewiler kitaby Chapter 22
  6. Işaýa Chapter 39
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. 2 Selaniklilere haty Chapter 3
  2. Eýýup Chapter 4
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
  4. Ýeşuwa Chapter 17
  5. Ýermeýanyň agysy Chapter 5
  6. Zebur Chapter 74
  7. Filipililere haty Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *