Read Gelip çykyş Chapter 35 Online
Read Gelip çykyş Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Gelip çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Gelip çykyş 35
Bap 35
1. Hudaý Ýakuba: «Beýtele git-de, şol ýerde mesgen tut. Doganyň Ysawdan gaçyp barýarkaň, özüňe görnen Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasa» diýdi.
2. Şeýdip, Ýakup maşgalasyna we ýanyndakylara ýüzlenip: «Keseki hudaýlaryňyzy taşlaň, tämizleniň we geýimleriňizi çalşyryň.
3. Geliň, Beýtele gideliň. Ol ýerde hasratly günümde maňa kömek eden we giden ýerimde meniň bilen bolan Hudaýa gurbanlyk sypasyny ýasaýyn» diýdi.
4. Şondan soň olar öz keseki hudaýlaryny we gulakhalkalaryny Ýakuba berdiler. Ýakup olary Şekemiň golaýyndaky dub agajynyň aşagynda gizledi.
5. Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.
6. Ýakup öz adamlary bilen Kengandaky Luza, ýagny häzirki Beýtele geldi.
7. Ýakup ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, ol ýeri «Beýteliň Hudaýy» diýip atlandyrdy, çünki Ýakup doganyndan gaçyp barýarka, şol ýerde oňa Hudaý görnüpdi.
8. Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut diýlip atlandyryldy.
9. Ýakup Padanaramdan gaýdyp gelenden soň, Hudaý Ýakuba ýene-de görnüp, oňa pata berdi.
10. Hudaý Ýakuba: «Seniň adyň häzir Ýakup, ýöne mundan beýläk seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar» diýdi. Şeýdip, Ol onuň adyna Ysraýyl dakdy.
11. Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Alladyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar millet dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar.
12. Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.
13. Hudaý Ýakup bilen sözleşen Ybraýymyň ýanyndan ýokary göterildi.
14. Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerinde uly daş dikdi we onuň üstüne içgi sadakasyny hem-de zeýtun ýagyny dökdi.
15. Ýakup Hudaýyň özi bilen gepleşen ýerini Beýtel diýip atlandyrdy.
16. Olar Beýtelden ugradylar. Eprat welaýatyna ýetmäge sähel menzil galanda, ýolda Raheliň çagasynyň bolmaly pursaty gelip, ony agyr burgy tutup ugrady.
17. Agyr burgy tutýarka, göbek ene oňa: «Gorkma, ine, seniň munyň-da ogul!» diýdi.
18. Jany çykyp barýan Rahel ogluna Benony diýip at dakdy. Ýöne kakasy onuň adyna Benýamin goýdy.
19. Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Eprata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.
20. Ýakup Raheliň guburynyň üstünde bir uly daş dikdi. (Şol daş Raheliň guburynyň üstünde şu güne çenli hem dur.)
21. Ysraýyl ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol Eder diňiniň aňyrsynda öz çadyryny dikdi.
22. Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;
24. Onuň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin;
25. Onuň Raheliň gyrnagy Bilhadan bolan ogullary: Dan, Naftaly;
26. Onuň Leýanyň gyrnagy Zilpadan bolan ogullary: Gat, Aşer. Bu Ýakubyň Padanaramda doglan ogullarydy.
27. Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamra, ýagny Kyrýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi.
28. Yshak ýüz segsen ýyl ömür sürdi.
29. Ol garrap dünýäden ötüp, ata-babalaryna gowuşdy. Ogullary Ysaw bilen Ýakup ony jaýlady.
About Gelip çykyş Chapter 35
Read Gelip çykyş Chapter 35 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Gelip çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Gelip çykyş
Chapter: 35
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Gelip çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Gelip çykyş Chapter 35 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Gelip çykyş Chapter 35?
Gelip çykyş Chapter 35 is part of the Book of Gelip çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Gelip çykyş Chapter 35 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Gelip çykyş
- Gelip çykyş Chapter 18
- Gelip çykyş Chapter 3
- Gelip çykyş Chapter 39
- Gelip çykyş Chapter 12
- Gelip çykyş Chapter 1
- Gelip çykyş Chapter 28
- Gelip çykyş Chapter 13
Explore More from Köne Äht
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 14
- Lewiler kitaby Chapter 26
- Zebur Chapter 131
- Zebur Chapter 132
- Zebur Chapter 138
- Zebur Chapter 108
- Işaýa Chapter 21