Read 2 patyşalar Chapter 2 Online
Read 2 patyşalar Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 patyşalar 2
Bap 2
1. Reb Ylýas pygamberi harasat içinde göge götermekçi bolanda, ol Elýaşa bilen Gilgaldan gaýdyp gelýärdi.
2. Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.
3. Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.
4. Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Ýeriho gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebbiň we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Ýeriho gitdiler.
5. Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşa golaý gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip soradylar. Elýaşa: «Hawa, bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi.
6. Ylýas Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Iordan derýasyna gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi-de bile tirkeşip, ýollaryny dowam etdirdiler.
7. Elli adama barabar bolan pygamberler topary-da bular bilen bile gidip, uzagrakda olaryň garşysynda durdular. Ylýas bilen Elýaşa hem Iordanyň kenar ýakasynda durdylar.
8. Ylýas donuny alyp düýrledi-de, onuň bilen suwa urdy. Suw bölünip, iki tarapa çekildi. Olar derýanyň içindäki gury ýerden ýöräp kenara çykdylar.
9. Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.
10. Ylýas pygamber: «Kyn zat dilediň. Emma muňa garamazdan, eger sen meniň öz ýanyňdan göterilip barýanymy görseň, diňe şonda dilegiň kabul bolar. Eger-de meni görüp bilmeseň, onda dilegiň bitmez» diýdi.
11. Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär.
12. Elýaşa Ylýas pygambere seredip: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen atlylary!» diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Şondan soň Elýaşa Ylýas pygamberi hiç haçan görmedi. Elýaşa öz eşiklerini ýyrtyp, ikä böldi.
13. Onsoň Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan dony alyp, yzyna gidip, Iordanyň kenarynda durdy.
14. Ol Ylýasdan gaçyp galan dony aldy-da, suwa urup: «Hany, Ylýasyň Hudaýy Reb nirede?» diýip gygyrdy. Elýaşa dony suwa uran badyna, suw bölünip, iki tarapa çekildi we Elýaşa kenaryň beýleki tarapyna geçdi.
15. Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.
16. Olar Elýaşa: «Ine, gullaryň arasynda elli sany güýçli adam bar. Goý, olar gidip, seniň jenabyň Ylýasy gözlesinler. Belki, Rebbiň ruhy ony äkidip, dagdyr jülgeleriň birine taşlandyr» diýdiler. Elýaşa olara: «Ýok, olary ibermäň» diýdi.
17. Emma pygamberler oňa ýalbaryp, ony mejbur edensoňlar, Elýaşa: «Bolýar, iberiň» diýdi. Şeýdip, elli adam Ylýasyň gözlegine çykdylar. Olar ony üç günläp gözlediler, ýöne tapyp bilmediler.
18. Olar Elýaşanyň ýanyna dolanyp geldiler. Şol wagtlar Elýaşa Ýerihodady. Ol pygamberler toparyna: «Men size gitmäň diýmedimmi näme?» diýdi.
19. Gala adamlary Elýaşa: «Jenabym, görşüňiz ýaly galanyň ýerleşýän ýeri gowy, ýöne onuň suwunyň erbetdigi zerarly ýer hasylsyzlyga sezewar boldy» diýdiler.
20. Elýaşa: «Maňa içine duz salnan täze gap getirip beriň» diýdi. Olar oňa içi duzly gaby getirip berdiler.
21. Elýaşa suw çeşmesiniň başyna bardy-da, duzy onuň içine oklap: «Reb şeýle diýýär: „Men bu suwy tämizleýärin. Mundan beýläk ölüm-de, hasylsyzlyk-da bolmaz“» diýdi.
22. Elýaşanyň aýdyşy ýaly şol suw tä şu güne çenli hem tämizdir.
23. Elýaşa ol ýerden Beýtele gitdi. Ol gidip barýarka, galadan ýaş oglanlar çykyp, ony masgaralap: «Heý, kel, güm bol şu ýerden! Heý, kel, güm bol şu ýerden!» diýip gygyryşdylar.
24. Elýaşa yzyna öwrülip, oglanlara seredip, olara Rebbiň adyndan gargady. Biraz wagtdan soň, jeňňellikden iki sany aýy çykyp, kyrk iki oglany parçalady.
25. Elýaşa ol ýerden Karmel dagyna gidip, dagdan Samarýa galasyna dolanyp geldi.
About 2 patyşalar Chapter 2
Read 2 patyşalar Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 patyşalar
Chapter: 2
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 patyşalar Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 patyşalar Chapter 2?
2 patyşalar Chapter 2 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-patyşalar
- 2 patyşalar Chapter 1
- 2 patyşalar Chapter 13
- 2 patyşalar Chapter 14
- 2 patyşalar Chapter 17
- 2 patyşalar Chapter 16
- 2 patyşalar Chapter 11
- 2 patyşalar Chapter 8
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 118
- 1 patyşalar Chapter 11
- Wagyz kitaby Chapter 9
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
- Ýermeýa Chapter 45
- Zebur Chapter 128