Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27 Online
Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 27
Bap 27
1. Ysraýyllaryň, olaryň kowumbaşylarynyň, müňbaşylarydyr ýüzbaşylarynyň hem-de beýleki emeldarlarynyň sanawy aşakdaky ýalydyr. Olar aýba-aý gelip, bölümleriň ähli işlerinde patyşa gulluk edýärdiler. Her bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
2. Birinji aý üçin birinji bölüme Zabdyýeliň ogly Ýaşobgam ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň bölüminde ýigrimi dört müň adam bardy.
3. Ol Peresiň neslindendir; ol birinji aý üçin ähli goşunbaşylaryň başlygydy.
4. Ikinji aý üçin bellenen bölüme ahowa urugyndan bolan Dodaý ýolbaşçylyk edýärdi. Bölümiň baş serkerdesi Miklotdy; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
5. Üçünji aý üçin bellenen bölüme üçünji bir goşunbaşy – ruhany Ýehoýadanyň ogly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; bölümde ýigrimi dört müň adam bardy.
6. «Otuz ýigidiň» edermen esgeri hem-de baştutany Benaýadyr. Onuň ogly Amyzabat onuň bölüminiň baş serkerdesidi.
7. Dördünji aý üçin bellenen bölüme Ýowabyň dogany Asahel ýolbaşçylyk edýärdi. Ondan soň ogly Zebadýa boldy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
8. Bäşinji aý üçin bellenen bölümiň goşunbaşysy Ýyzranyň nesli Şamhutdy; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
9. Altynjy aý üçin bellenen bölüme tekowaly Ikeşiň ogly Yra ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
10. Ýedinji aý üçin bellenen bölüme efraýymlardan pelonly Heles ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
11. Sekizinji aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli huşaly Sibekaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
12. Dokuzynjy aý üçin bellenen bölüme benýaminlerden anatotly Abygezer ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
13. Onunjy aý üçin bellenen bölüme Zeranyň nesli netopaly Mahraý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
14. On birinji aý üçin bellenen bölüme Efraýymyň neslinden pirgatonly Benaýa ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
15. On ikinji aý üçin bellenen bölüme Otnyýeliň neslinden netopaly Heldaý ýolbaşçylyk edýärdi; onuň bölüminde-de ýigrimi dört müň adam bardy.
16. Ysraýyl tirebaşylary şulardyr: Zikriniň ogly Eligezer – rubenleriň baştutany; Magakanyň ogly Şepatýa – şimgonlaryň baştutany;
17. Kemuwalyň ogly Haşabýa – lewileriň baştutany; Sadok – Harun nesliniň baştutany;
18. Dawudyň garyndaşlaryndan Elihu – ýahudalaryň baştutany; Mikaýylyň ogly Omry – ysakarlaryň baştutany;
19. Abadýanyň ogly Ýyşmagýa – zebulunlaryň baştutany; Azryýeliň ogly Ýerimot – naftalylaryň baştutany;
20. Azazýanyň ogly Hoşeýa – efraýymlaryň baştutany; Pedaýanyň ogly Ýowel manaşe ýarym tiresiniň baştutany;
21. Zakarýanyň ogly Ydo – Gilgatda oturýan manaşe ýarym tiresiniň baştutany; Abneriň ogly Ýagsyýel – benýaminleriň baştutany;
22. Ýerohamyň ogly Azarel – danlaryň baştutany. Şular Ysraýyl tireleriniň baştutanlarydy.
23. Ýigrimi hem-de ondan kiçi ýaşlylary Dawut hasaba almandy, sebäbi Reb Ysraýyly gökdäki ýyldyzlaryň sany kimin köpeltmegi wada edipdi.
24. Seruýanyň ogly Ýowap ilat ýazuwyny geçirmäge girişenem bolsa, ol bu işi ahyryna çenli alyp gitmedi. Sebäbi munuň üçin Ysraýyla Rebbiň gahary geldi. Şeýdip, soňkular Dawut patyşanyň taryh kitabyna girizilmedi.
25. Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy.
26. Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi.
27. Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna,
28. gederli Bagalhanan günbatar baýyrlykdaky zeýtun hem-de ýabany injir agaçlaryna, Ýogaş ýag ammarlaryna garaýardy.
29. Şaronly Şitraý Şarondaky iri mallara, Adlaýyň ogly Şapat jülgelerdäki iri mallara,
30. ysmaýyl urugyndan bolan Obyl düýelere, meronotly Ýehdeýa eşeklere, hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy.
31. Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy.
32. Dawudyň daýysy Ýonatan geňeşçidi; ol paýhasly adamdy hem-de kätipdi. Hakmonynyň ogly Ýehiýel patyşanyň ogullaryna seredýärdi.
33. Ahytopel patyşanyň geňeşçisi, arkyly Huşaý bolsa patyşanyň dostudy.
34. Ahytopelden soň Benaýanyň ogly Ýehoýada we Abýatar geňeşçi boldy. Patyşa goşunynyň serkerdesi bolsa Ýowapdy.
About 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 27
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27?
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27 is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-ýyl-ýazgylarynyň-kitaby
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 24
Explore More from Köne Äht
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
- Ezekiýel Chapter 36
- Işaýa Chapter 38
- Gelip çykyş Chapter 16
- 1 Şamuwel Chapter 8
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5