Read Eýýup Chapter 3 Online
Read Eýýup Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 3
Bap 3
1. Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi.
2. Ol şeýle diýdi:
3. «Goý, meniň doglan günüm gurasyn! „Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin!
4. Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, Onuň üstüne ýagty düşmesin!
5. Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn, Bulutlar örtsün ony, Garaňkylyk ony gorka salsyn!
6. Şol gijäni zulmat gaplasyn, Ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.
7. Goý, ol önelgesiz gije bolsun, Onda şatlykly owaz eşidilmesin!
8. Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler!
9. Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün, Yşyga umyt baglasyn, Ýöne yşyk bolmasyn, Daň şapagyna ýüzi düşmesin!
10. Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, Hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.
11. Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
12. Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken!
13. Onda men häzir rahatlykda ýatardym, Dynçlykda bolardym.
14. Haraba öwrülen binalary guran Dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen,
15. Öýlerini kümüşden dolduran, Altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.
16. Näme üçin öli doglan çaga dek, Ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men.
17. Ol ýerde pisler pislikden el çekýärler, Ýadawlar-da dynç alýarlar.
18. Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, Olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr.
19. Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, Gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr.
20. Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, Kalby hasratla-da ömür berilýär?
21. Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, Ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar.
22. Gabyr tapanlarynda, şatlanýarlar, Joşup, şowhun edýärler.
23. Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
24. Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, Ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.
25. Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, Heder edenim-de üstümden inýär.
26. Mende ne rahatlyk bar, Ne-de asudalyk, ne-de dynçlyk bar, Diňe tükeniksiz muşakgat gelýär».
About Eýýup Chapter 3
Read Eýýup Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 3?
Eýýup Chapter 3 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 28
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12
- Ezekiýel Chapter 42
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13
- Hoşeýa Chapter 7
- Çölde Chapter 36
- Lewiler kitaby Chapter 18