Eýýup Chapter 34

For English

Read Eýýup Chapter 34 Online

Read Eýýup Chapter 34 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Eýýup 34

Bap 34

1. Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:

2. «Eý, akylsumaklar, sözlerime gulak goýuň, Eý, bilimsekler, meni diňläň.

3. Diliň naharyň tagamyny dadyşy ýaly, Gulak hem sözleri barlaýar.

4. Geliň, hakykaty saýlalyň, Ýagşyny birlikde öwreneliň.

5. Çünki Eýýup: „Men bigünä, Hudaý meni hakymdan mahrum etdi.

6. Men hak bolsam-da ýalançy saýylýaryn, Ýazyksyz bolsam-da derdime em ýok“ diýdi.

7. Eýýup ýaly adam barmy? Ol ýaňsylamany suw dek içýär.

8. Ýamanlyk edýänler bilen ülpet bolup, Pisler bilen tirkeşýär.

9. Çünki Eýýup: „Hudaýy hoşnut etmek Ynsana peýda bermez“ diýýär.

10. Muňa görä, eý, bilimsekler, maňa gulak asyň, Heý-de, Hudaý pislik edermi? Gudratygüýçli nähaklyk edermi?

11. Hudaý ynsanlaryň etmişlerini başlaryndan inderer, Olara öz pälinden tapdyrar.

12. Dogrusy, Hudaý hiç haçan pislik etmez, Gudratygüýçli adalaty ýoýmaz.

13. Oňa bütin ýer ýüzüniň üstünden hökmürowanlygy beren kim? Bütin dünýäni Onuň ygytyýarynda goýan kim?

14. Hudaý niýet edip, Öz ruhuny, demini yzyna alsa,

15. Bütin adamzat heläk bolar, Ynsanlar ýene topraga öwrülerler.

16. Düşünjäň bolsa, diňle, Sözüme gulak goý.

17. Adalaty ýigrenýän höküm sürüp bilermi? Dogruçyly, gudratly Bolany ýazgarjakmy?

18. Ol patyşa: „Sen deýýus“, Beglere: „Siz pis“ diýýär.

19. Han-beglerden ýüz görmeýär, Baýy garypdan ýokary tutmaýar, Çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.

20. Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler, Adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler, Güýçliler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.

21. Hudaýyň gözleri ynsanlaryň ýoluna dikilgidir, Ol ynsanlaryň her ädimini görýär.

22. Pisler gizlener ýaly, Ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.

23. Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, Ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.

24. Hudaý barlamazdan güýçlüleri gyryp, Ýerlerine başgalary goýýar.

25. Hudaý olaryň etmişlerini bilip, Bir gijede olary agdarýar, olar ezilýärler.

26. Hudaý olary pisligi üçin Hemmäniň gözüniň alnynda jezalandyrýar.

27. Çünki olar Onuň yzyna eýermediler, Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.

28. Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.

29. Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun parhy ýok,

30. Hudaýsyz adam şalyk sürüp, Halka duzak gurmasyn.

31. Hudaýa: „Jezamy çekdim, Indi pis iş etmerin,

32. Görmeýänimi maňa öwret, Etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?

33. Hudaý isleýşiňe görä Saňa adalatlylyk bersinmi? Sen Ony ret etdiň. Sen karara gelmelisiň, men däl, Şonuň üçin bilýäniňi aýt.

34. Düşünjesi bolanlar, Meni diňleýän akyldarlar:

35. „Eýýup bilmezden gürleýär, Onuň sözleri manysyz“ diýerler.

36. Pisler ýaly jogap gaýtarýandygy üçin, Eýýup ahyra çenli synagda bolsun!

37. Çünki ol günäsine günä goşýar, Aramyzda kinaýaly el çarpyp, Hudaýa garşy gepini köpeldýär».

About Eýýup Chapter 34

Read Eýýup Chapter 34 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 34
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 34 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 34?

Eýýup Chapter 34 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 34 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 20
  3. Eýýup Chapter 15
  4. Eýýup Chapter 37
  5. Eýýup Chapter 25
  6. Eýýup Chapter 22
  7. Eýýup Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Nagmalar nagmasy Chapter 6
  2. Işaýa Chapter 2
  3. Sepanýa Chapter 3
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
  5. Kanun taglymaty Chapter 16
  6. 2 patyşalar Chapter 4
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  2. Lewiler kitaby Chapter 23
  3. Çölde Chapter 25
  4. Zebur Chapter 28
  5. Zebur Chapter 35
  6. Nehemýa Chapter 5
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *