Işaýa Chapter 13

For English

Read Işaýa Chapter 13 Online

Read Işaýa Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 13

Bap 13

1. Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa görnüş üsti bilen gelen pygamberligi:

2. Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň.

3. Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.

4. Daglardaky gykylyga gulak goýuň, bu köp halklaryň sesine meňzeýär! Bir ýere ýygnanyşýan milletleriň, patyşalyklaryň göçgünli sesini diňläň! Hökmürowan Reb söweşe goşun toplaýar.

5. Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.

6. Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.

7. Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.

8. Dowla düşer olar, yza hem gaýgy basar; burgusy tutýan deý, agyry çeker olar, aňalyp birek-birege bakarlar, ýüzleri ýalyn dek lowlar.

9. Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär, ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin, ondaky günäkärleri ýok etmek üçin, gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.

10. Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.

11. Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.

12. Ynsanlary sap altyndan, adamlary Ofir gyzylyndan-da has gymmatly ederin.

13. Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.

14. Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar.

15. Tutulanlar naýzadan geçiriler, ele düşen gylyçdan ötüriler.

16. Çagalary gözleriniň alnynda parça-parça ediler, öýleri talanar, aýallaryna el urlar.

17. Ine, Men kümşe gyzmaýaryn, altyny söýmeýärin, midiýalary olara garşy öjükdirýärin.

18. Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.

19. Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.

20. Ol ýer ilatsyz galar, müdimilik ýaşaýyş bolmaz onda, araplar çadyrlaryny dikmezler, çopanlar sürülerini bakmazlar.

21. Wagşy haýwanlar ýatar ol ýerde, baýguşdan dolar öýleri, düýeguşlar mesgen tutar, geçiler bökjeklärler ol ýerde.

22. Saraýlarynda syrtlanlar, köşklerinde şagallar uwlaşar; Babylyň soňy ýakyndyr, onuň günleri uzak bolmaz.

About Işaýa Chapter 13

Read Işaýa Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 13?

Işaýa Chapter 13 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 34
  4. Isaya Chapter 28
  5. Isaya Chapter 26
  6. Isaya Chapter 16
  7. Isaya Chapter 1

Explore More from Köne Äht

  1. Kanun taglymaty Chapter 7
  2. Gelip çykyş Chapter 40
  3. Zebur Chapter 55
  4. Danyýel Chapter 11
  5. Gelip çykyş Chapter 31
  6. Ezekiýel Chapter 1
  7. Işaýa Chapter 49

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 72
  2. 1 patyşalar Chapter 7
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 11
  4. Ýahýanyň birinji haty Chapter 2
  5. Müsürden çykyş Chapter 3
  6. Ýermeýa Chapter 23
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 33
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *