Read 2 patyşalar Chapter 24 Online
Read 2 patyşalar Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 patyşalar 24
Bap 24
1. Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy.
2. Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllaryň, aramlylaryň, mowaplylaryň we ammonlaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.
3. Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi.
4. Manaşeniň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşeniň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi.
5. Ýehoýakymyň patyşalygy baradaky beýleki wakalar we onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
6. Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakin onuň ýerine patyşa boldy.
7. Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Perat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy.
8. Ýehoýakin patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Nehuşta Iýerusalimli Elnatanyň gyzydy.
9. Ýehoýakin edil kakasy Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
10. Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar.
11. Leşgerleri şäheriň daşyny gabawda saklap ýörkäler, Nebukadnesar Iýerusalime geldi.
12. Ýahuda patyşasy Ýehoýakin ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakini patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.
13. Rebbiň aýdyşy ýaly Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.
14. Babyl patyşasy bütin Iýerusalim ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady.
15. Nebukadnesar patyşa Ýehoýakini we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.
16. Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy.
17. Babyl patyşasy Ýehoýakiniň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy.
18. Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.
19. Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.
20. Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.
About 2 patyşalar Chapter 24
Read 2 patyşalar Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 patyşalar
Chapter: 24
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 patyşalar Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 patyşalar Chapter 24?
2 patyşalar Chapter 24 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-patyşalar
- 2 patyşalar Chapter 1
- 2 patyşalar Chapter 13
- 2 patyşalar Chapter 14
- 2 patyşalar Chapter 16
- 2 patyşalar Chapter 11
- 2 patyşalar Chapter 8
- 2 patyşalar Chapter 22
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 133
- Işaýa Chapter 53
- Zebur Chapter 117
- Çölde Chapter 2
- Nehemýa Chapter 1
- Ezekiýel Chapter 20
- Çölde Chapter 24