Ezekiýel Chapter 5

For English

Read Ezekiýel Chapter 5 Online

Read Ezekiýel Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ezekiýel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ezekiýel 5

Bap 5

1. Eý, ynsan ogly, özüňe bir kesgir gylyç al, ony dellek päkisi hökmünde ulanyp, saç-sakgalyňy syr. Soň ölçär ýaly bir terezi al-da, saç-sakgalyňy böleklere böl.

2. Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, gylyç bilen urup, tutuş şäheriň töweregine pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.

3. Sen saç-sakgaldan birazajyk alyp, donuňyň etegine daň.

4. Olardan ýene-de alyp, oda taşla-da ýak, ondan bütin ysraýyl halkyna garşy ot çykar.

5. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu Iýerusalimdir; Men ony milletleriň merkezinde goýdum, ýurtlary onuň töwereginde ýerleşdirdim.

6. Emma Iýerusalim töweregindäki ähli milletlerden we ýurtlardan has beter erbetlik edip, Meniň hökümlerime we parzlaryma garşy baş galdyrdy, Meniň hökümlerimi ret etdi we parzlarymy tutmady».

7. Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz töweregiňizdäki milletlere garanda has beter pitneçi bolduňyz, parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, hatda siz tutuş daş-töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä-de hereket etmediňiz».

8. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men, hut Meniň Özüm size garşy çykaryn, milletleriň gözleriniň alnynda size höküm çykararyn.

9. Ähli nejis işleriňiz üçin Men size öň etmedik, indem etmejek zatlarymy ederin.

10. Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».

11. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.

12. Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.

13. Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler.

14. Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin.

15. Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.

16. Açlygyň ölüm oklaryny ýollanymda, olar sizi weýran etsinler diýip ýollaryn. Üstüňizdäki açlygy has-da artdyraryn, bir döwüm çörege zar ederin.

17. Üstüňize açlyk we ýyrtyjy haýwanlary ýollaryn; olar sizi perzentsiz goýarlar; mergi we uruş sizi ýok edip taşlar, başyňyzdan gylyç salaryn. Muny Men-Reb aýtdym».

About Ezekiýel Chapter 5

Read Ezekiýel Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ezekiýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ezekiýel
Chapter: 5
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ezekiýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ezekiýel Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ezekiýel Chapter 5?

Ezekiýel Chapter 5 is part of the Book of Ezekiýel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ezekiýel Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Ezekiýel

  1. Ezekiýel Chapter 1
  2. Ezekiýel Chapter 45
  3. Ezekiýel Chapter 2
  4. Ezekiýel Chapter 46
  5. Ezekiýel Chapter 34
  6. Ezekiýel Chapter 32
  7. Ezekiýel Chapter 4

Explore More from Köne Äht

  1. Çölde Chapter 34
  2. Ýermeýa Chapter 10
  3. Danyýel Chapter 6
  4. Gelip çykyş Chapter 50
  5. Nehemýa Chapter 1
  6. Çölde Chapter 8
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9

Related Chapters & Readings

  1. Müsürden çykyş Chapter 14
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 12
  3. Danyýel Chapter 7
  4. Nehemýa Chapter 13
  5. Işaýa Chapter 18
  6. Müsürden çykyş Chapter 15
  7. Kanun taglymaty Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *