Ysraýyl serdarlary Chapter 13

For English

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 13 Online

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ysraýyl serdarlary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ysraýyl serdarlary 13

Bap 13

1. Ysraýyllar ýene-de Rebbiň ýigrenýän işlerini etdiler. Şol sebäpli Reb kyrk ýyllap ysraýyllary piliştlileriň eline berdi

2. Şol döwürde Sorada dan tiresinden Manowa diýen bir adam bolupdyr; onuň aýaly önelgesiz eken.

3. Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.

4. Sen özüňi aýap sakla, arak-şerap ýaly güýçli içgilerden içme, haram zatlardan iýme.

5. Çünki sen göwreli bolarsyň we ogul dograrsyň; onuň kellesine päki degmeli däldir, sebäbi enesiniň içinde düwlen gününden başlap, ol çaga Hudaýa nazyr bolar, ol piliştlileriň elinden Ysraýyly halas eder» diýdi.

6. Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunç. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.

7. Ol maňa: „Sen göwreli bolarsyň, ogul dograrsyň, arak-şerap ýaly güýçli içgilerden içme, haram zatlardan iýme, çünki göwrede galan gününden başlap, ol Hudaýa nazyr bolar“ diýip aýtdy».

8. Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy.

9. Hudaý Manowanyň sesini eşitdi we Manowanyň aýaly meýdandaka, Hudaýyň perişdesi onuň ýanyna geldi. Emma aýalyň adamsy ýanynda ýokdy.

10. Aýaly şol wagt ylgap gidip: «Meniň ýanyma öňki gelip giden adam geldi» diýip, adamsyna habar berdi.

11. Manowa aýaly bilen ol adamyň ýanyna bardy we ondan: «Meniň aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Perişde: «Men!» diýip jogap berdi.

12. Manowa oňa: «Seniň aýdanlaryň amala aşanda, biz ol çaga nähili garamaly we oňa näme etmeli?» diýip sorady.

13. Rebbiň perişdesi Manowa: «Goý, seniň aýalyň meniň aýdanlarymy etsin.

14. Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; arak-şerap datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi.

15. Manowa Rebbiň perişdesine: «Seniň üçin bir owlagy taýýarlaýançak, seni ýoluňdan saklamaga rugsat et» diýdi.

16. Rebbiň perişdesi Manowa: «Sen meni saklasaň-de, men seniň naharyňy iýmerin, emma sen ýakma gurbanlyk taýýarlamak isleseň, onda ony Rebbe hödür et» diýdi. (Manowa bu adamyň Rebbiň perişdesidigini bilmeýärdi).

17. Manowa Rebbiň perişdesine: «Aýdanlaryň hakykat bolanda, biz seni alkyşlar ýaly, öz adyňy aýt» diýdi.

18. Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.

19. Manowa owlak bilen galla sadakasyny daşyň üstüne getirip, täsin gudratlar edýän Rebbe berdi.

20. Gurbanlyk sypasynyň üstünden ýalyn asmana galyp ugranda, Rebbiň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary göterildi. Muny gören Manowa bilen onuň aýaly ýere ýüzin ýykyldylar.

21. Rebbiň perişdesi Manowa bilen aýalyna şondan soň gaýdyp hiç görünmedi. Manowa onuň Rebbiň perişdesidigini şonda bilip galdy.

22. Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.

23. Aýaly oňa: «Eger Reb bizi öldürmek islän bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygymyzy we galla sadakamyzy kabul etmezdi, bize şol täsinlikleri görkezmezdi, bu zatlary bize mälim etmezdi» diýdi.

24. Aýaly ogul dogurdy we oňa Şimşon diýen at goýdy. Çaga ösüp kemala geldi, Reb oňa ak pata berdi.

25. Sora bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň ruhy galkyndyryp başlady.

About Ysraýyl serdarlary Chapter 13

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ysraýyl serdarlary
Chapter: 13
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ysraýyl serdarlary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ysraýyl serdarlary Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ysraýyl serdarlary Chapter 13?

Ysraýyl serdarlary Chapter 13 is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ysraýyl serdarlary Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ysraýyl-serdarlary

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 1
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 2
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 6
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 10
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 19
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 3
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 21

Related Chapters & Readings

  1. 1 Korintoslylara haty Chapter 9
  2. Ester Chapter 9
  3. Müsürden çykyş Chapter 29
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14
  5. Işaýa Chapter 57
  6. Çölde Chapter 32
  7. Ezekiýel Chapter 37
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *