Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5 Online
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Pawlusyň Rimlilere haty 5
Bap 5
1. Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr.
2. Biz içinde duran bu merhemetimize girmegi-de Ol arkaly iman bilen gazandyk. Hudaýyň şöhratyna şärik bolmak umydy bilen magtanýarys.
3. Diňe munuň bilen hem däl, eýsem, muşakgatlar bilen-de magtanýarys, çünki muşakgatyň çydamy,
4. çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýändigini bilýäris.
5. Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr.
6. Hawa, biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi.
7. Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder.
8. Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi.
9. Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr.
10. Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr.
11. Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen-de magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.
12. Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi.
13. Kanun berilmezden öň hem dünýäde günä bardy, ýöne kanun bolmasa, günä hasaba alynmaz.
14. Emma Adamatadan Musa çenli Geljegiň nusgasy Adamatanyň jenaýatyna meňzeş günä etmedikleriň hem üstünden ölüm höküm sürdi.
15. Ýöne merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir. Sebäbi biriniň tagsyry arkaly köp adamlar ölen bolsa, onda Hudaýyň merhemeti we bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly bolan merhemetdäki sylag köpler üçin has-da artandyr.
16. Sylag bir adamyň gazanan günäsiniň netijesi ýaly däldir. Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmek, ýöne köp günäden bolan merhemet sylagy aklanmak üçin berilýändir.
17. Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer.
18. Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi.
19. Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar.
20. Kanun günäniň köpelmegi üçin ara girdi.
21. Emma günäniň ölümde höküm sürşi ýaly, merhemet hem Rebbimiz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün diýip, günäniň köpelen ýerinde merhemet has-da artdy.
About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 5
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5?
Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 16
Explore More from Täze Äht
- Galatýalylara haty Chapter 2
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
- 2 Timoteosa haty Chapter 3
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
- 2 Korintoslylara haty Chapter 4
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 21
- Ýahýanyň üçünji haty Chapter 1