Read 1 patyşalar Chapter 17 Online
Read 1 patyşalar Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 patyşalar and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 patyşalar 17
Bap 17
1. Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».
2. Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi:
3. «Bu ýerden gündogara git-de, Iordanyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda gizlen.
4. Sen çeşme suwundan içersiň. Ol ýerde gargalara seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».
5. Ylýas Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol gidip, Iordan derýasynyň gündogaryndaky Kerit çeşmesiniň boýunda mesgen tutdy.
6. Gargalar Ylýasa ertirine-de, agşamyna-da çörek bilen et getirip berýärdiler, ol çeşmäniň suwundan içýärdi.
7. Wagtyň geçmegi bilen çeşme gurady, çünki ýurda ýagyş ýaganokdy.
8. Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi:
9. «Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».
10. Şeýdip, Ylýas Sarepata gitdi. Ol galanyň derwezesine geldi, görse, ol ýerde bir dul aýal çöpleme çöpläp ýördi. Ol aýaly çagyryp, oňa: «Maňa içmäge käsede biraz suw getiräý» diýdi.
11. Ol aýal suw getirmäge barýarka, Ylýas ony yzyna çagyryp: «Bir döwüm çörek hem alyp gelsene» diýdi.
12. Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris».
13. Ylýas oňa şeýle diýdi: «Sen alada etme. Bar öýüňe git-de, çöregiňi bişir. Şol barja unuňdan sen öňürti maňa bir kiçijik çörek bişirip getir. Ondan soň unuň galanyndan özüň we ogluň üçin çörek bişirersiň.
14. Çünki ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Rebbiň ýagyş ýagdyrjak gününe çenli haltadaky un tükenmez, golçadaky ýag egsilmez“».
15. Bu aýal gidip, Ylýasyň aýdyşy ýaly etdi. Ylýas bilen ýaňky aýal we onuň öý-içerisi bir goşawuç uny uzak wagtlap iýdiler.
16. Şeýdip, Rebbiň Ylýas arkaly aýdan sözi berjaý bolup, haltadaky un tükenmedi, golçadaky ýag egsilmedi.
17. Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly syrkawlaýar. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykýar.
18. Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýýär.
19. Ylýas oňa: «Ogluňy maňa ber» diýýär. Ylýas oglany aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz düşeginde ýatyrýar.
20. Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg edýär: «Eý, Hudaýym Reb, Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!»
21. Onsoň ol üç gezek çaganyň üstünde ýazylyp ýatyp, Rebbe ýalbaryp dileg edýär: «Eý, Hudaýym Reb, Saňa ýalbarýaryn, bu çagany direlt».
22. Reb Ylýasyň dilegini eşidýär we çaga direlýär.
23. Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berýär. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýýär.
24. Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýýär.
About 1 patyşalar Chapter 17
Read 1 patyşalar Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 patyşalar
Chapter: 17
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 patyşalar Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 patyşalar Chapter 17?
1 patyşalar Chapter 17 is part of the Book of 1 patyşalar in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 patyşalar Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-patyşalar
- 1 patyşalar Chapter 1
- 1 patyşalar Chapter 3
- 1 patyşalar Chapter 14
- 1 patyşalar Chapter 11
- 1 patyşalar Chapter 5
- 1 patyşalar Chapter 22
- 1 patyşalar Chapter 19
Explore More from Köne Äht
- Ezekiýel Chapter 27
- 1 patyşalar Chapter 2
- Ysraýyl serdarlary Chapter 16
- Zebur Chapter 86
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 19
- Zebur Chapter 67
- Gelip çykyş Chapter 14