Read 2 Şamuwel Chapter 1 Online
Read 2 Şamuwel Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Şamuwel 1
Bap 1
1. Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy.
2. Üçünji gün diýlende Şawulyň düşelgesinden ýakasyny ýyrtyp, başyndan gum sowran bir adam Dawudyň ýanyna geldi. Ol Dawudyň öňünde ýere ýüzin düşüp tagzym etdi.
3. Dawut ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Men Ysraýyl düşelgesinden gaçyp gaýtdym» diýdi.
4. Dawut oňa: «Aýt, näme boldy?» diýdi. Ol: «Goşun ýeňlip gaçdy, adamlaryň köpüsi gyryldy. Şawul bilen onuň ogly Ýonatan hem öldi» diýdi.
5. Dawut bu habary getiren ýaş ýigitden: «Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň ölenini nireden bilýäň?» diýip sorady.
6. Ýaş ýigit Dawuda şeýle jogap berdi: «Edil şol wagt men Gilboga dagyndadym. Men Şawulyň naýzasyna söýenip duranyny, duşmanyň söweş arabalarydyr atlylarynyň bolsa oňa golaýlaşyp barýandyklaryny gördüm.
7. Şawul ýeňsesine seredende meni görüp, ýanyna çagyrdy. Men: „Näme agam?“ diýdim.
8. Ol: „Sen kim?“ diýip sorady. „Men bir amalekli“ diýip jogap berdim.
9. Soňra ol maňa: „Gel-de, meni öldür, çünki entek içimde janym bolsa-da, ajalym görnüp dur“ diýdi.
10. Menem bardym-da, ony öldürdim. Sebäbi men onuň indi diri galmajakdygyna göz ýetiripdim. Başyndaky täji bilen elindäki bilezigini jenabyma alyp gaýtdym, ine, olar jenabym».
11. Muny eşiden Dawut ýakasyny tutup, geýimlerini ýyrtdy, onuň ýanyndakylar hem şeýtdiler.
12. Olar gylyçdan geçirilen Şawul üçin, onuň ogly Ýonatan üçin, Rebbiň goşuny we ysraýyl halky üçin agşama çenli agyz bekläp, ýas tutup aglaşdylar.
13. Dawut habar getiren ýaş ýigitden: «Sen nireli?» diýip sorady. Ol: «Men gelmişek bir amalegiň ogly» diýip jogap berdi.
14. Dawut oňa: «Gorkman, Rebbiň seçip saýlan adamyny öldürmäge nädip milt etdiň?» diýdi.
15. Soňra Dawut ýaş ýigitleriň birini ýanyna çagyryp: «Gel, şuny öldür!» diýdi. Ýigit ony urup öldürdi.
16. Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.
17. Şawul we onuň ogly Ýonatan üçin, Dawut şu agyny aýtdy.
18. (Dawut bu «Peýkam aýdymyny» ýahuda halkyna öwrenmegi buýurdy. Bu Ýaşar kitabynda ýazylandyr). Ol şeýle diýdi:
19. «Eý, Ysraýyl, şöhratyň dem-düýtsüz ýatyr depeleriňde! Gerçekler nädip ýere ýazyldy?!
20. Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, Sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.
21. Eý, Gilboga daglary! Üstüňize çyg-da, ygal-da düşmesin! Sizden hasyl önmesin! Çünki gerçegiň galkany, Şawulyň gaýdyp ýaglanmajak galkany Siziň üstüňizde syndy.
22. Ýonatanyň ýaýy sowa geçmezdi Öldürilenleriň teninden, Şawulyň gylyjy boş geçmezdi Gerçekleriň ýaýyndan.
23. Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, Güýçlüdiler arslandan.
24. Eý, Ysraýyl gyzlary, Aglaň, Şawul üçin aglaň! Al-elwan geýdiren üçin, Geýmiňizi zer bilen nagyşlan üçin aglaň!
25. Gerçekler nädip ýere ýazyldy jeň meýdanynda! Ýonatan dem-düýtsüz ýatyr depäňde.
26. Seniň üçin halym teňdir, eý, Ýonatan dogan! Juda eziz bolupdyň maňa. Zenan söýgüsinden-de Artykdy söýgiň maňa.
27. Gerçekler nädip ýere ýazyldy?! Ok-ýaraglar döwüldi!».
About 2 Şamuwel Chapter 1
Read 2 Şamuwel Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Şamuwel
Chapter: 1
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Şamuwel Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Şamuwel Chapter 1?
2 Şamuwel Chapter 1 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-şamuwel
- 2 Şamuwel Chapter 19
- 2 Şamuwel Chapter 15
- 2 Şamuwel Chapter 4
- 2 Şamuwel Chapter 23
- 2 Şamuwel Chapter 16
- 2 Şamuwel Chapter 14
- 2 Şamuwel Chapter 17
Explore More from Köne Äht
- Müsürden çykyş Chapter 26
- Ezekiýel Chapter 36
- Eýýup Chapter 5
- Ezekiýel Chapter 1
- Nahum Chapter 2
- Danyýel Chapter 3
- Ezekiýel Chapter 23