Eýýup Chapter 37

For English

Read Eýýup Chapter 37 Online

Read Eýýup Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Eýýup 37

Bap 37

1. «Gümmürdä ýüregim galpyldap, Agzymdan çykyp gelýär.

2. Diňläň Onuň gümmürdeýän sesini, Agzyndan çykýan owazy eşidiň.

3. Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, Ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.

4. Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.

5. Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, Biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.

6. Çünki Ol gara „ýag“ diýip, Ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.

7. Munuň üçin ähli ynsanlaryň işi togtadylýar, Olar Onuň beýik işlerini şonda bilerler.

8. Haýwanlar öz hinlerine girýärler, Öz sürenlerinde galýarlar.

9. Harasat öz mekanyndan çykýar, Sowuk güýçli ýelden gelýär.

10. Hudaýyň demine buz emele gelip, Suw giňişlikleri doňýar.

11. Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp, Olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýär.

12. Onuň buýrugyna görä, Bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.

13. Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, Ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.

14. Eýýup, diňle muny, Togta-da, Hudaýyň beýik işleri hakynda pikirlen.

15. Hudaýyň bulutlary nähili dolandyrýanyny, Nädip ýyldyrym çakdyrýanyny bilýäňmi?

16. Bulutlaryň deňagramlylygyny, Kämil Bilimliniň täsin işlerini bilýäňmi?

17. Ýer ýüzüne günorta ýeli öwüsýän möwsümde, Eşikleri yssydan endamyna ýapyşýan sen,

18. Guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?

19. Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, Sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.

20. Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy? Ýuwudylmak isleýän barmy?

21. Şemal geçip, bulutlar syrylanda, Gökde parlaýan nura hiç kim seredip bilmez.

22. Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär, Ol gudratly şöwkete bürenendir.

23. Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogruçyllykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.

24. Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».

About Eýýup Chapter 37

Read Eýýup Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 37
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 37 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 37?

Eýýup Chapter 37 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 37 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 22
  3. Eýýup Chapter 20
  4. Eýýup Chapter 15
  5. Eýýup Chapter 25
  6. Eýýup Chapter 7
  7. Eýýup Chapter 38

Explore More from Köne Äht

  1. 1 Şamuwel Chapter 6
  2. Işaýa Chapter 11
  3. Gelip çykyş Chapter 35
  4. Mika Chapter 4
  5. Zakarýa Chapter 12
  6. Işaýa Chapter 2
  7. Eýýup Chapter 29

Related Chapters & Readings

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 9
  2. Müsürden çykyş Chapter 29
  3. Ýermeýa Chapter 12
  4. Markusyň Hoş Habary Chapter 14
  5. 2 Şamuwel Chapter 5
  6. Eýýup Chapter 34
  7. 2 patyşalar Chapter 24
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *