Eýýup Chapter 20

For English

Read Eýýup Chapter 20 Online

Read Eýýup Chapter 20 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Eýýup 20

Bap 20

1. Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:

2. «Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär, Mundan artyk saklanyp bilmerin.

3. Sözleriň bilen meni kemsidýäň, Düşünjäm saňa jogap berdirýär.

4. Owaldan bäri, Ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?

5. Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, Hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.

6. Hatda olaryň boýy göklere ýetip, Başlary bulutlara degse-de,

7. Pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, Olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.

8. Düýş kimin uçup giderler, Gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.

9. Bir gören göz gaýdyp görmez olary, Mekany-da olary ikilenç görmez.

10. Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler, Elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.

11. Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa, Olar bilen toprak astynda ýatarlar.

12. Hatda pislik agza datly görnüp, Ony diliniň astynda gizleseler-de,

13. Pisligi saklap, goýbermän, Agyzlarynda saklasalar-da,

14. Iýenleri aşgazanynda turşar, Içlerinde ýylanyň zäherine döner.

15. Baýlygy ýuwdup, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.

16. Ýylanlaryň zäherini sorarlar, Alahöwreniň dişi olary öldürer.

17. Akar suwlaryň, Baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.

18. Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar, Eden söwda-satlygyndan haýyr görmezler.

19. Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, Öz gurmadyk öýlerini eýelediler.

20. Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, Arzyly zatlary olary halas etmezler.

21. Iýenlerinden artany bolmady, Munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.

22. Bollukda azap çekerler, Depelerinden muşakgat iner.

23. Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, Gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.

24. Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, Bürünç ýaý içlerinden parran geçer.

25. Ok içlerinden böwsüp geçer, Ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, Üstlerine howp abanar.

26. Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolýar, Üflenmedik ot olary ýuwdar, Çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.

27. Gökler şaýatlyk eder etmişlerine, Bütin älem-jahan olara garşy çykar.

28. Hudaýyň gazap güni Öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.

29. Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».

About Eýýup Chapter 20

Read Eýýup Chapter 20 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 20
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 20 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 20?

Eýýup Chapter 20 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 20 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 22
  3. Eýýup Chapter 37
  4. Eýýup Chapter 15
  5. Eýýup Chapter 38
  6. Eýýup Chapter 25
  7. Eýýup Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Ýermeýa Chapter 14
  2. Zebur Chapter 49
  3. 1 Şamuwel Chapter 21
  4. Eýýup Chapter 41
  5. Zebur Chapter 55
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 13
  7. Kanun taglymaty Chapter 24

Related Chapters & Readings

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
  2. Müsürden çykyş Chapter 20
  3. Ýeşuwa Chapter 20
  4. 2 patyşalar Chapter 21
  5. Ezekiýel Chapter 4
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 17
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *