Read Eýýup Chapter 32 Online
Read Eýýup Chapter 32 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 32
Bap 32
1. Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
2. Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.
3. Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Eýýuby günäkärläpdiler.
4. Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy.
5. Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.
6. Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi: «Men ýaş, siz garry, Şonuň üçin men çekindim, Öz pikirimi aýtmaga gorkdum.
7. Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler, Ýaşulular paýhas bersinler“ diýdim.
8. Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.
9. Paýhas diňe gojalarda däldir, Hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
10. Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň, Men öz pikirimi beýan etsem“ diýýän.
11. Ine, men sözleriňize garaşdym, Aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz, Parasatly gepiňize gulak asdym.
12. Sizi dykgat bilen diňledim, Emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz, Hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.
13. Siz: „Biz paýhas tapdyk, Ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“ diýmäň.
14. Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi, Oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.
15. „Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler, Söz tapmaýarlar aýtmaga.
16. Olardan ses-seda çykmaýar, Olar jogapsyz durlar“ diýip, Men garaşaýynmy indi?
17. Men-de öz jogabymy bererin, Öz pikirimi beýan ederin.
18. Çünki men sözden doly, Içimdäki ruh meni gyssaýar.
19. Ine, içim açylmadyk şerap kimin, Täze meşik kimin ýarylyp barýar.
20. Gepläp, içimi sowadaýyn, Dil açyp, saňa jogap bereýin.
21. Adamdan ýüz görmerin, Ýaranjaňlyk etmen hiç kime.
22. Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, Ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».
About Eýýup Chapter 32
Read Eýýup Chapter 32 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 32
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 32 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 32?
Eýýup Chapter 32 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 32 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 7
Explore More from Köne Äht
- Işaýa Chapter 47
- Zebur Chapter 30
- Kanun taglymaty Chapter 15
- Işaýa Chapter 37
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- Nehemýa Chapter 9