Read Eýýup Chapter 21 Online
Read Eýýup Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 21
Bap 21
1. Eýýup şeýle diýdi:
2. «Dykgat bilen gulak goýuň sözüme, Goý, bu siziň maňa berjek teselliňiz bolsun.
3. Gezek beriň, men gepläýin, Sözümi gutaranymdan soň masgaralaň.
4. Ynsana arz-şikaýat edýänmi men? Neneň janym ýanmasyn?
5. Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, Eliňizi agzyňyza tutuň.
6. Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn, Süňňüme galpyldy aralaşýar.
7. Näme üçin pisler ýaşaýarlar, Gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?
8. Perzentleri ýanlarynda, Zürýatlary gözleriniň alnynda.
9. Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar, Hudaý-da olara jeza bermeýär.
10. Öküzleri kemsiz örňeýär, Sygyrlary guzlar, göle düşürmez.
11. Çagalaryny süri kimin ýola salýarlar, Oglanlary tans edişýärler.
12. Deprek, barbat bilen aýdym aýdyşyp, Şatlanýarlar olar tüýdük sesine.
13. Ömürlerini hoşwagtlykda geçirip, Ölüler dünýäsine asudalykda girýärler.
14. Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris.
15. Gudratygüýçli kim bolupdyr Oňa sežde ederimiz ýaly? Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“
16. Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme? Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun!
17. Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi? Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi? Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?
18. Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, Tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?
19. Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.
20. Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, Olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.
21. Çünki bu dünýäden ötensoňlar, Yzlarynda galan hojalygyndan näme gaýgysy bolsun?
22. Gökdäkilere höküm edýän Hudaýa akyl berip biljek barmydyr?
23. Biri sagatka ölýär, Büs-bütin rahat we gaýgysyz.
24. Eti-gany ýerinde bolup, Süňkleri ýilikden doludyr.
25. Beýleki biri dert çekip, Gowulyga gözi düşmän ölýär.
26. Olar toprak astynda bile ýatýarlar, Üstlerini gurtlar basýar.
27. Bilýän men siziň pikirleriňizi, Garşyma edýän dildüwşükleriňizi.
28. Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede? Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.
29. Ýolagçylardan soramadyňyzmy? Şaýatlyklaryna gulak asmadyňyzmy?
30. Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.
31. Pisleriň hereketlerini kim ýüzlerine basjak? Etmişlerine görä kim olara jeza berjek?
32. Olar gabra getirilende, Mazarlarynyň başynda sakçy goýulýar.
33. Jaýlanan topragy olara ýakymlydyr, Hemmeler olaryň yzyna düşerler, Olaryň öňünden gidenler san-sajaksyzdyr.
34. Siz boş sözleriňiz bilen maňa näme teselli berjek? Bar diýýän zatlaryňyz galpdyr».
About Eýýup Chapter 21
Read Eýýup Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 21
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 21?
Eýýup Chapter 21 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 38
Explore More from Köne Äht
- Sepanýa Chapter 2
- Işaýa Chapter 45
- 1 patyşalar Chapter 6
- Lewiler kitaby Chapter 20
- Ýermeýa Chapter 4
- Ezekiýel Chapter 19
- Zebur Chapter 94