Işaýa Chapter 2

For English

Read Işaýa Chapter 2 Online

Read Işaýa Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 2

Bap 2

1. Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.

2. Ahyrky günlerde Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.

3. Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.

4. Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.

5. Eý, Ýakubyň nesilleri, geliň, Rebbiň nurunda ýöräliň!

6. Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly münejjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.

7. Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly, hazynalary tükeniksizdir, ýurt atlardan doly, söweş arabalary san-sajaksyzdyr.

8. Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler.

9. Muňa görä ynsan kiçeldiler, her kes peseldiler, olary bagyşlama!

10. Rebbiň howpundan, Onuň şan-şöhratyndan gaýalarda bukulyň, toprak astynda gizleniň.

11. Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.

12. Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,

13. Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr,

14. Ähli belent daglara, beýik depelere garşydyr.

15. Her bir beýik diňe, her bir berk gala garşydyr.

16. Tarşiş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.

17. Ynsan men-menligi, hem gedemligi peseldiler, şol gün—diňe Reb beýgeldiler.

18. Butlar bütinleý ýok ediler.

19. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.

20. Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn, kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.

21. Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň şan-şöhratyndan, howpundan gaýalardaky gowaklara, kert gaýalardaky jaýryklara girerler.

22. Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?

About Işaýa Chapter 2

Read Işaýa Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 2
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 2?

Işaýa Chapter 2 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 14
  4. Isaya Chapter 34
  5. Isaya Chapter 28
  6. Isaya Chapter 26
  7. Isaya Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Ester Chapter 5
  2. Zebur Chapter 131
  3. Zebur Chapter 6
  4. Wagyz kitaby Chapter 2
  5. Gelip çykyş Chapter 12
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  7. Habakuk Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Eýýup Chapter 28
  2. Işaýa Chapter 14
  3. Işaýa Chapter 55
  4. Malaky Chapter 1
  5. Ezekiýel Chapter 32
  6. Gelip çykyş Chapter 20
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 23
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *