Read Eýýup Chapter 11 Online
Read Eýýup Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 11
Bap 11
1. Nagamly Sopar şeýle diýdi:
2. «Köp söze jogap berilmesinmi? Ýaňrany sözleri aklasynmy?
3. Ýaňralygyň beýlekileri dymdyrar öýdýäňmi? Masgaralanyňda, özüňem utandyrylmazmykaň?
4. Çünki sen: „Taglymatym sapdyr, Men Hudaýyň nazarynda päkdirin“ diýýäň.
5. Wah, Hudaý geplesedi, Saňa garşy dil ýarsady.
6. Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi! Çünki paýhas köptaraplydyr. Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.
7. Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?
8. Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň? Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň?
9. Olaryň ölçegi älemden uzyn, Deňizden giňdir.
10. Eger Ol gelip, seni zyndana atsa, Höküm etmek üçin çagyrsa, kim Ony saklap biler?
11. Çünki Ol ýalançylary bilýändir, Ol pisligi görübem, oňa üns bermezmi?
12. Gulandan ynsanyň dogulmaýşy ýaly, Akmagyň-da akyly goýalmaz.
13. Ýüregiňi Oňa bagyşlap, Elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,
14. Pis işleriňi bes etseň, Çadyryňda etmişe orun bermeseň,
15. Şonda sen uýatly başyňy galdyrarsyň, Berk durarsyň, gorkmarsyň.
16. Muşakgatyňy unudarsyň, Akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.
17. Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, Säher deý bolar garaňkylygyň.
18. Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, Goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
19. Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, Köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.
20. Emma pisler umytdan el üzerler, Gaçara ýerleri bolmaz olaryň, Umyt uçgunlary söner».
About Eýýup Chapter 11
Read Eýýup Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 11
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 11?
Eýýup Chapter 11 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 38
Explore More from Köne Äht
- 1 Şamuwel Chapter 13
- Lewiler kitaby Chapter 3
- Danyýel Chapter 3
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10
- Ezekiýel Chapter 30
- Ester Chapter 4
- Işaýa Chapter 42