Read Eýýup Chapter 15 Online
Read Eýýup Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 15
Bap 15
1. Onsoň teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2. «Akylly adam boş sözler bilen jogap berermi? Özüni gündogar şemalyndan doldurarmy?
3. Ol biderek gep bilen, Dereksiz sözler bilen dawa-jenjel turzarmy?
4. Hudaýdan heder etmegi aradan aýyrýarsyň, Hudaý barada oýlanmaga päsgel berýärsiň.
5. Etmişiň gepiňe täsir edýär, Hilegäriň dilinde gürleýärsiň.
6. Seni ýazgarýan men däl, öz agzyň, Dodaklaryň saňa garşy şaýatlyk edýär.
7. Ilki doglan ynsan senmisiň? Daglardan öň ýaradyldyňmy?
8. Hudaýyň mejlisini diňlediňmi? Ýeke-täk dana adamdyryn öýdýäňmi?
9. Biziň bilmeýän haýsy zadymyzy bilýärsiň? Biziň düşünmeýän haýsy zadymyza düşünýärsiň?
10. Bizde çal saçly-da, gojalar-da bardyr, Olaryň ýaşlary seň kakaňkydan-da uludyr.
11. Hudaýyň saňa berýän tesellileri kemlik edýärmi? Hoşamaý söz ýeterlik dälmi ýa saňa?
12. Ýüregiň nämä möwç alýar? Gözleriňden näme üçin ot syçraýar?
13. Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, Agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?
14. Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Hatyndan doglan dogry bolup bilermi?
15. Hudaý hatda Öz perişdelerine ynam etmeýär, Gökler Onuň nazarynda tämiz däldir.
16. Etmişi suw kimin içýän, Ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.
17. Diňle meni, saňa düşündireýin, Görenimi beýan edeýin,
18. Akyldarlaryň aýdanlaryny, Ata-babalarynyň gizlemedik pähimlerini.
19. (Ýurt diňe aralarynda gelmişek bolmadyk Ata-babalara berlendi).
20. Pisler bütin ömrüne ejir çekýändirler, Zalymlara berlen ýyllar sanalgydyr.
21. Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, Asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler.
22. Garaňkylykdan gutuljagyna ynam ýokdur olarda, Olaryň takdyry gylyçdyr.
23. „Niredekä?“ diýip, bir döwüm nan üçin sergezdanlyk edýärlar, Garaňkylyk gününiň ýakyndygyny bilýärler.
24. Alada we horluk olary gorkuzýar, Söweşe taýynlanan şa kimin olara hüjüm edýär.
25. Çünki pisler Hudaýa garşy el göter, Gudratygüýçlä garşy çykýar.
26. Boýnuýogynlyk edip, galyň, ýumry galkany alyp, Hudaýyň üstüne topulýarlar olar.
27. Ýüzlerinden ýag damyp, Billerini ýag alsa-da,
28. Weýran edilen şäherlerde, Harabaçylyga öwrülen, Oturylmaýan, adamsyz öýlerde ýaşarlar.
29. Hiç haçan baýamazlar, baýlyklary uzaga çekmez, Mal-mülkleri ýer ýüzüne ýaýramaz.
30. Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, Pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar.
31. Boşluga bil baglap, özlerini aldatmasynlar, Çünki boşluk olaryň muzdy bolar.
32. Wagtyndan öň işi gaýdar, Pudaklary gögermez.
33. Gök üzümleri dökülen üzüm agajy, Gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.
34. Çünki hudaýsyzlaryň jemagaty gysyr galar, Parahorlaryň-da çadyrlaryny ot alar.
35. Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, Içleri hem hileden doludyr».
About Eýýup Chapter 15
Read Eýýup Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 15
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 15?
Eýýup Chapter 15 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 16
- Eýýup Chapter 38
Explore More from Köne Äht
- Ýermeýa Chapter 49
- Malaky Chapter 1
- Eýýup Chapter 10
- Çölde Chapter 26
- Çölde Chapter 15
- Müsürden çykyş Chapter 37
- Gelip çykyş Chapter 20