Read Eýýup Chapter 40 Online
Read Eýýup Chapter 40 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 40
Bap 40
1. Reb harasadyň içinden şeýle jogap berdi:
2. «Erkek kimin biliňi berk guşa, Seni sorag etjek, Maňa jogap ber.
3. Meni adalatsyzlykda aýyplajakmy sen? Özüňi aklamak üçin Meni höküm etjekmi indi?
4. Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?
5. Özüňi şan-şöhrat we belent mertebe bilen beze, Şöhrat we hormat donuny geý.
6. Möwç alýan gazabyňy dök, Tekepbirlere bakyp, olary boýun egdir.
7. Tekepbirlere garap, olary dyza çöker, Pisleri duran ýerlerinde mynjyrat.
8. Hemmesini bile topraga göm, Olary gabyrda bagla.
9. Şonda sag eliňiň seni halas edip biljegini Men-de boýun alaryn.
10. Ine, Bähemosa seret, Seni ýaradyşym kimin, ony-da Men ýaratdym, Ol öküz kimin ot iýýär.
11. Gör, onuň bilinde nähili güýç bar, Garnyndaky muskullary nähili güýçli!
12. Guýrugyny kedr agajy kimin sallaýar, Budunyň siňirleri örüm-örümdir.
13. Süňkleri bürünç turbalar kimin, Gapyrgalary demir gözenekleri kimindir.
14. Bähemos Hudaýyň beýik işleriniň arasynda iň ajaýybydyr, Diňe Ýaradany oňa gylyç bilen golaýlaşyp biler.
15. Baýyrlar onuň otlagydyr, Ol ýerde haýwanlar ýaýnaşýarlar.
16. Ol gyrymsy agaçlar astynda, Gamyşlyk bilen örtülen batgalykda ýatýar.
17. Gyrymsy agaçlar üstüne kölege salýar, Deräniň söwütleri ony gurşaýar.
18. Derýa joşsa-da, ol eýmenmez, Iordan daşyp, agzyna-burnuna gelse-de, ol arkaýyn.
19. Kim ony garbak bilen tutup biljek? Kim çeňňek bilen onuň burnuny deşip biljek?
20. Liwýatany çeňňek bilen tutup bilermiň? Ýa-da onuň diline syrtmak salyp bilermiň?
21. Burnundan ýüp geçirip bilermiň? Ýa-da äňinden çeňňegi ötürip bilermiň?
22. Ol saňa ýalbaryp-ýakararmyka? Şirin sözleri bilen seni yrarmyka?
23. Özüni ebedilik guluň ederiň ýaly, Seň bilen äht baglaşarmyka?
24. Guş bilen oýnaýşyň ýaly onuň bilenem oýnarmykaň? Ýa-da ony kenizleriňe göz-gulak bolup bilermiň?
25. Täjirler ony alyp-satyp bilermikäler? Söwdagärler ony öz aralarynda paýlaşyp bilermikäler?
26. Derisini naýza bilen, Kellesini balykçylaryň gadalgasy bilen deşim-deşim edip bilermiň?
27. Oňa eliňi degrip gör, ol saňa göz görkezmezmikä, Sen ony ikiläp gaýtalamarsyň».
About Eýýup Chapter 40
Read Eýýup Chapter 40 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 40
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 40 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 40?
Eýýup Chapter 40 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 40 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 7
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 91
- Zebur Chapter 79
- Zebur Chapter 54
- Işaýa Chapter 65
- Eýýup Chapter 34
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 34
- Ester Chapter 9