Eýýup Chapter 19

For English

Read Eýýup Chapter 19 Online

Read Eýýup Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Eýýup 19

Bap 19

1. Eýýup şeýle diýdi:

2. «Haçana deňeç meni gynap, Sözleriňiz bilen pagyş-para etjek?

3. On mertebe göwnüme degdiňiz, Utanaňyzokmy şeýle ezýet bermäge?

4. Dogrudanam, hata iş eden bolsam, Hatam öz boýnuma.

5. Özüňizi öňümde ýokary tutup, Aýybymy ýüzüme ursaňyz,

6. Şuny bilip goýuň, Hudaý meni nähak saýdy, Ol daşyma Öz toruny çekdi.

7. Hatda: „Bu – zorluk“ diýip perýat edýärin, emma jogap berýän ýok, Medet diläp ýalbarýaryn, emma adalat ýok.

8. Ýoluma germew çekdi, geçip bilemok, Ýodalarymy garaňkyratdy.

9. Meni at-abraýdan düşürip, Başymdan täjimi aldy.

10. Meni çar tarapdan gysyp-gowurdy, sandan galdym, Umydymy agaç deýin köki bilen sogurdy.

11. Ol maňa gazaplanýar, Meni Özüne duşman saýýar.

12. Leşgerleri üstüme hüjüm edýärler, Maňa garşy ýapgyt galdyrýarlar, Çadyrymyň töwereginde düşelge gurýarlar.

13. Garyndaşlarymy menden daşlaşdyrdy, Tanyşlarym maňa ýat boldular.

14. Ýakyn garyndaşlarym meni ret etdiler, Dostlarym meni unutdylar.

15. Saçagymdan duz iýenler hem unutdylar meni, Hatda öz gyrnaklarym-da meni ýat saýýarlar, Olaryň gözüne men bir keseki.

16. Hyzmatkärimi çagyrýan, ýöne jogap ýok, Ýalbar-ýakar etmeli bolýan özüm.

17. Demim aýalymda ýigrenç döredýär, Öz maşgalam meni ýigrenýär.

18. Ýaş çagalar-da meni kemsidýärler, Aýaga galanymda, meni ýaňsylaýarlar.

19. Içgin dostlarym meni ýigrenýärler, Eý görenlerim menden ýüz öwürdiler.

20. Diňe ham bilen süňke öwrüldim, Ölümiň bäri ýanynda durun men.

21. Maňa rehim ediň, eý, dostlarym, rehim ediň, maňa! Çünki Hudaý maňa el urdy.

22. Näme üçin sizem Hudaý ýaly meni yzarlaýarsyňyz, Näme meniň tenimden doýmaýarsyňyzmy?

23. Wah, meniň sözlerim ýazylsady! Wah, olar kitaba ýazylsady!

24. Wah, sözlerim demir galam we gurşun bilen Gaýanyň ýüzüne ebedilik oýulyp ýazylsady!

25. Çünki men Penakärimiň diridigini, Ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.

26. Hamym çüýränden soňam tenimde Hudaýy görerin.

27. Hudaýy keseki gözi bilen däl-de, Öz gözlerim bilen görerin, Ýüregim üzülip barýar.

28. „Biz ony nähili yzarlarys? Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,

29. Siz gylyçdan heder ediň, Çünki gazap gylyç jezasyny getirýär, Şonda hökümiň bardygyny bilersiňiz».

About Eýýup Chapter 19

Read Eýýup Chapter 19 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 19
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 19 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 19?

Eýýup Chapter 19 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 19 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 20
  3. Eýýup Chapter 22
  4. Eýýup Chapter 37
  5. Eýýup Chapter 15
  6. Eýýup Chapter 38
  7. Eýýup Chapter 25

Explore More from Köne Äht

  1. Nehemýa Chapter 7
  2. Zebur Chapter 14
  3. Ezekiýel Chapter 32
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 20
  5. Ezekiýel Chapter 34
  6. Nehemýa Chapter 10
  7. 2 Şamuwel Chapter 6

Related Chapters & Readings

  1. 2 patyşalar Chapter 10
  2. 1 patyşalar Chapter 2
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 25
  4. 1 Şamuwel Chapter 22
  5. Petrusyň birinji haty Chapter 1
  6. 2 patyşalar Chapter 8
  7. Çölde Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *