Read Ýeşuwa Chapter 23 Online
Read Ýeşuwa Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýeşuwa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýeşuwa 23
Bap 23
1. Rebbiň ysraýyllara daş-töweregindäki ähli duşmanlaryndan parahatçylyk bereninden bäri köp wagt geçipdi we Ýeşuwanyň hem ýaşy bir çene baryp, gojalyk ýaşyna ýetipdi.
2. Ýeşuwa ähli ysraýyllary, olaryň ýaşulularyny, baştutanlaryny, kazylaryny we ýolbaşçylaryny ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Indi meniň köpüm geçip, azym galdy.
3. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleri nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.
4. Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.
5. Hudaýyňyz Rebbiň Özi olary yza serpikdirip, siziň öňüňizden kowup çykarar. Hudaýyňyz Rebbiň size söz berşi ýaly, siz olaryň ýerlerini eýelärsiňiz.
6. Şonuň üçin hem Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň.
7. Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.
8. Diňe şu günki bolşuňyz ýaly, Hudaýyňyz Rebbe bil baglaň.
9. Reb siziň öňüňizden beýik we güýçli milletleri kowup çykardy, şu wagta çenli olaryň ýekejesi hem siziň öňüňizde durup bilmedi.
10. Siziň biriňiz olaryň müňüsini gaçyrdyňyz, sebäbi Hudaýyňyz Reb edil söz berşi ýaly, siziň tarapyňyzda söweşdi.
11. Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbi söýmäge örän dykgatly boluň.
12. Emma siz Rebden ýüz öwrüp, araňyzda diri galan beýleki milletlere goşulsaňyz, olar bilen gyz alşyp-berşip, garyndaşlyk açsaňyz,
13. onda şuny bilip goýuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb şondan soň ol milletleri siziň öňüňizden kowup çykarmaz. Tersine, olar size duzak we tor bolarlar, tä Hudaýyňyz Rebbiň beren bu gowy ýerinden aýrylyp ýok bolýançaňyz, arkaňyzy gamçylap, gözüňize tiken bolup dürtülerler.
14. Ine, görşüňiz ýaly, meniň sanalgym doldy. Siziň hemmäňiz bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden bilýärsiňiz, çünki Hudaýyňyz Rebbiň size beren ähli ajaýyp wadalarynyň ýekejesi hem ýerine ýetmän galmady. Onuň her bir sözi amala aşdy, ýekejesi hem hakykata öwrülmän galmady.
15. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer.
16. Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».
About Ýeşuwa Chapter 23
Read Ýeşuwa Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýeşuwa
Chapter: 23
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýeşuwa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýeşuwa Chapter 23 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýeşuwa Chapter 23?
Ýeşuwa Chapter 23 is part of the Book of Ýeşuwa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýeşuwa Chapter 23 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from ýeşuwa
- Ýeşuwa Chapter 7
- Ýeşuwa Chapter 20
- Ýeşuwa Chapter 13
- Ýeşuwa Chapter 16
- Ýeşuwa Chapter 19
- Ýeşuwa Chapter 17
- Ýeşuwa Chapter 8