Read Eýýup Chapter 14 Online
Read Eýýup Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 14
Bap 14
1. «Aýaldan doglan ynsanyň ömri gysga, Derdi köp bolýandyr.
2. Ol gül kimin açylýar, solýar, Kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
3. Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?
4. Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!
5. Ynsanyň güni sanalgydyr, Aýlarynyň sany kesgitlenendir, Olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.
6. Olardan gözüňi aýyr, öz günlerine goý, Iş gününi soňlan işçi dek Dynç alsynlar.
7. Hatda agaja-da umyt bardyr, Ol çapylsa, ýene gögerer, Pudaklary egsilmez.
8. Köki ýerde garrap, Töňňesi toprakda gurap gitse-de,
9. Suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, Ýaş agaç kimin şahalaýar.
10. Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, Adamzat jan berip, ýitirim bolýar.
11. Köl suwlarynyň guraýşy, Derýanyň gurap, çöle dönüşi kimin,
12. Ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, Gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, Ukularyndan turuzylmaz.
13. Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, Gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!
14. Ynsan öler-de, dirilermi? Men tä azat edilýänçäm, Azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn.
15. Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.
16. Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň, Ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň.
17. Ýazygym torba salnyp möhürlener, Etmişimiň üstüni örtersiň.
18. Dag opurylyp, weýran bolýar, Gaýa ýerinden goparylýar;
19. Suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar, Siller ýeriň topragyny syryp äkidýär, Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň.
20. Ynsanlardan hemişelik üstün çykýaň, Olar ýok bolýarlar, Ýüzüni üýtgedip, gaýry ýere ýollaýaň.
21. Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, Masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.
22. Olar diňe öz bedenleriniň agyrysyny duýup, Diňe özleri üçin ýas tutýarlar».
About Eýýup Chapter 14
Read Eýýup Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 14
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 14?
Eýýup Chapter 14 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 38
Explore More from Köne Äht
- Lewiler kitaby Chapter 9
- Müsürden çykyş Chapter 18
- Danyýel Chapter 8
- Müsürden çykyş Chapter 15
- Kanun taglymaty Chapter 18
- Ýeşuwa Chapter 24
- Zebur Chapter 69