Eýýup Chapter 36

For English

Read Eýýup Chapter 36 Online

Read Eýýup Chapter 36 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Eýýup 36

Bap 36

1. Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:

2. «Biraz sabyr et, men saňa düşündireýin, Hudaý üçin aýtmaly sözüm bar.

3. Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.

4. Dogrudanam, sözlerim ýalan däl, Garşyňda duran bilimde kämildir.

5. Elbetde, Hudaý gudratly, Hiç kimi kemsitmeýär Ol, Ol paýhasda gudratlydyr.

6. Pisleri diri goýmaz Ol, Ezilenlere adalatlylyk berýär.

7. Dogrulardan gözüni aýyrmaz, Olary şalar bilen tagtda oturdyp, Ebedilik mertebelerini beýgeldýär.

8. Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp, Azap duzagyna düşürilen bolsalar,

9. Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny Olara aýan etmegi üçindir.

10. Öwüt-ündewini diňledip, Pislikden dönmekligi buýurýar.

11. Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler, Günlerini hoşwagtlykda, Ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler.

12. Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, Dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.

13. Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.

14. Ýaşlykda ölüp gidýärler, Ömürleri azgynlykda gutarýar.

15. Hudaý ezilenleri azaplaryndan gutarýar, Muşakgatlylara Özüni eşitdirýär.

16. Ol seni hem dertden azat edip, Çäksiz giňişlige çykardy, Saçagyňy näzi-nygmatlardan doldurdy.

17. Indi sen pislere hak bolan jezany çekýäň, Hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.

18. Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma, Para gyzygyp, ýoldan çykaýma.

19. Baýlygyň, egsilmez güýç-gaýratyň, Seni dertden gutaryp bilermi?

20. Halklaryň ýer ýüzünden Ýok ediljek gijesini arzuw etme.

21. Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, Seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.

22. Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?

23. Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?

24. Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, Ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.

25. Bütin ynsanlar Hudaýyň işlerini gördi, Her kes oňa uzakdan seredýär.

26. Hudaý, hakykatdanam, beýikdir, Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris, Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.

27. Hudaý suw damjalaryny göge ýygnap, Ýagyş damjalaryna öwürýär.

28. Bulutlardan ýagyş ýagýar, Ynsanlaryň üstünden bol ýagmyr ýagdyrýar.

29. Bulutlaryň ýaýradylyşyna, Asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?

30. Hudaý gökde ýyldyrym çakdyrýar, Deňizleriň düýbüne çenli örtýär.

31. Hudaý halky şeýle dolandyrýar, Olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.

32. Ýyldyrymy Öz elinde saklap, Öz bellän ýerinde çakmagy buýurýar.

33. Gök gümmürdisi apy-tupanyň ýetip gelýändigini duýdurýar, Hatda mal-gara apy-tupanyň ýetip gelýänini bildirýär».

About Eýýup Chapter 36

Read Eýýup Chapter 36 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 36
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 36 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 36?

Eýýup Chapter 36 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 36 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 20
  3. Eýýup Chapter 15
  4. Eýýup Chapter 37
  5. Eýýup Chapter 25
  6. Eýýup Chapter 22
  7. Eýýup Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Lewiler kitaby Chapter 17
  2. Ýeşuwa Chapter 19
  3. Eýýup Chapter 5
  4. Nagmalar nagmasy Chapter 5
  5. Ezekiýel Chapter 46
  6. Işaýa Chapter 58
  7. Zebur Chapter 107

Related Chapters & Readings

  1. 2 Şamuwel Chapter 18
  2. Ezekiýel Chapter 35
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 12
  4. Ýewreýlere haty Chapter 11
  5. 1 Selaniklilere haty Chapter 3
  6. Ýewreýlere haty Chapter 2
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 20
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *