Eýýup Chapter 29

For English

Read Eýýup Chapter 29 Online

Read Eýýup Chapter 29 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Eýýup 29

Bap 29

1. Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:

2. «Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym! Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym!

3. Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, Garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.

4. Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup, Çadyrymy gorapdy.

5. Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi, Çagalarymyňam bary töweregimdedi.

6. Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, Gaýadan zeýtun ýagy akardy!

7. Şäher derwezesine baranymda, Meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,

8. Ýaşlar meni görüp, ýol bererdiler, Garrylar-da ör turardylar.

9. Han-begler-de gürrüňlerini bes edip, Elleri bilen agyzlaryny tutardylar.

10. Baştutanlardan ses-üýn çykmazdy, Olar meniň öňümde lal-jim bolardylar.

11. Sözümi eşiden meni öwerdi, Gören-de, meni taryplardy.

12. Çünki men haraý islän garyby, Kömege mätäç ýetimi halas ederdim.

13. Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, Dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.

14. Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, Ol meni örtdi; Adalatym bolsa don we selle kimindi.

15. Körlere gözdüm, Agsaklara-da aýakdym.

16. Garyplara atadym, Ýatlaryň hukuklaryny gorardym.

17. Erbetleriň äňini ýazdyryp, Awuny agyzlaryndan alardym.

18. Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim: „Günlerim çäge kimin köp bolup, Öz öýümde asudalykda ölerin.

19. Köklerim suwlara tarap ýaýrap, Şahalaryma bütin gije çyg düşýär.

20. At-abraýym könelmez, Ýaýym elimde bolar elmydam“.

21. Hemmeler sözlerime sabyrly gulak goýup, Maslahatymy ses-üýnsüz diňlärdiler.

22. Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, Sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.

23. Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar, Sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler.

24. Ýylgyryp bakanymda, gözlerine ynanmazdylar, Nurana ýüzümden ruhlanardylar.

25. Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim, Leşgerleriň arasyndaky şa kimin, Ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».

About Eýýup Chapter 29

Read Eýýup Chapter 29 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 29
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 29 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 29?

Eýýup Chapter 29 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 29 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 4
  3. Eýýup Chapter 15
  4. Eýýup Chapter 9
  5. Eýýup Chapter 13
  6. Eýýup Chapter 10
  7. Eýýup Chapter 1

Explore More from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 57
  2. Ýermeýa Chapter 3
  3. Gelip çykyş Chapter 5
  4. Gelip çykyş Chapter 19
  5. Danyýel Chapter 10
  6. Ýermeýa Chapter 7
  7. Wagyz kitaby Chapter 9

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 54
  2. Zebur Chapter 84
  3. Eýýup Chapter 30
  4. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 6
  5. Ýermeýa Chapter 48
  6. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14
  7. Işaýa Chapter 6
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *