Ýermeýa Chapter 42

For English

Read Ýermeýa Chapter 42 Online

Read Ýermeýa Chapter 42 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýa 42

Bap 42

1. Onsoň goşun serkerdeleri, Kareýanyň ogly Ýohanan, Hoşaýanyň ogly Ýezanýa we uludan-kiçä ähli halk golaýa gelip,

2. Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.

3. Nirä gitmelidigimizi, näme iş etmelidigimizi, goý, Hudaýyň Reb bize görkezsin».

4. Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi.

5. Olar Ýermeýa ýene şeýle diýdiler: «Eger Hudaýyň Rebbiň bize bildirmek üçin saňa aýan eden her bir sözüni ýerine ýetirmesek, goý, Rebbiň Özi bize garşy hakyky we wepaly şaýat bolsun.

6. Ýagşy bolsa-da, ýaman bolsa-da, seni ýanyna iberýän Hudaýymyz Rebbe gulak asarys. Işimiz oňuna bolar ýaly, biz Hudaýymyz Rebbe gulak asarys».

7. On günden soň, Ýermeýa Rebbiň sözi geldi.

8. Onsoň ol Kareýanyň ogly Ýohanany, onuň bilen birlikde goşun serkerdelerini we uludan-kiçä tutuş halky çagyrdy.

9. Olara şeýle diýdi: «Dilegiňizi mälim etmegim üçin meni Ysraýyl Hudaýy Rebbiň huzuryna iberdiňiz. Ol hem şeýle diýýär:

10. „Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.

11. Babyl patyşasyndan gorkmaň. Siz ondan gorkýardyňyz, emma indi ondan gorkmaň. Muny Reb diýýär. Çünki sizi halas etmek we onuň elinden gutarmak üçin Men siziň bilendirin.

12. Men onuň size rehimi iner ýaly ederin, şonda onuň size haýpy gelip, sizi öz ýurduňyza iberer“.

13. Emma siz: „Biz bu ýurtda ýaşajak däl diýseňiz“ we Hudaýyňyz Rebbe gulak asman,

14. „Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,

15. Rebbiň sözüni diňläň, eý, Ýahudanyň aman galanlary! Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy karar etseňiz,

16. gorkýan gylyjyňyz ol ýerde yzyňyzdan ýeter, gorkýan açlygyňyz Müsürde siziň ýakaňyzdan ýapyşar we siz ol ýerde ölersiňiz.

17. Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“.

18. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.

19. Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.

20. Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.

21. Men ony size bu gün habar berdim, emma Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen size aýdan sözleriniň hiç birine gulak asmadyňyz.

22. Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».

About Ýermeýa Chapter 42

Read Ýermeýa Chapter 42 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 42
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 42 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 42?

Ýermeýa Chapter 42 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 42 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 29
  2. Ýermeýa Chapter 38
  3. Ýermeýa Chapter 18
  4. Ýermeýa Chapter 1
  5. Ýermeýa Chapter 23
  6. Ýermeýa Chapter 20
  7. Ýermeýa Chapter 27

Related Chapters & Readings

  1. Malaky Chapter 1
  2. Ezekiýel Chapter 19
  3. Nehemýa Chapter 1
  4. Nagmalar nagmasy Chapter 8
  5. Müsürden çykyş Chapter 22
  6. Ýermeýa Chapter 43
  7. Ezekiýel Chapter 11
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *