Read Eýýup Chapter 6 Online
Read Eýýup Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 6
Bap 6
1. Eýýup şeýle jogap berdi:
2. «Wah, derdim ölçelsedi, Betbagtlygym terezide çekilsedi!
3. Deňiz çägelerindenem agyr çykardy, Şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.
4. Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, Ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
5. Ýabany eşek otlagdaka aňňyrýarmy? Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?
6. Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi? Ýumurtganyň agynda tagam barmy?
7. Beýle naharlara işdäm ýok, Bular ýüregimi bulaýarlar.
8. Wah, arzuwym hasyl bolup, Hudaý maňa umyt bersedi!
9. Kerem edip, Hudaý janymy alsady, Elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!
10. Bu maňa teselli bolardy, Güýçli dert içinde hem begenerdim, Çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.
11. Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä?
12. Daşdanmy güýjüm? Bürünçdenmi tenim?
13. Alaçsyz galanymda, Özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi?
14. Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçliden gorkmagy ret edýändir.
15. Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr, Akar suwly çeşmeler kimindir.
16. Çeşmeler buzlar erände daşýarlar, Gar suwlaryndan dolýarlar.
17. Jöwzada çeşmeler guraýarlar, Gaýyp bolýarlar yssyda.
18. Kerwenler ýollaryndan sowlup, Suw gözleginde entäp heläk bolýarlar.
19. Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylar umytda bolýarlar.
20. Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, Ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.
21. Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz, Betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz.
22. Men size: „Maňa zat beriň, Baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi?
23. „Meni duşman elinden halas ediň, Meni garakçylaryň elinden yzyma satyn alyň“ diýdimmi ýa?
24. Maňa öwrediň, onsoň dymaýyn, Ýalňyşymy düşündiriň.
25. Dogry sözler güýçlidir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
26. Sözlerimi düzederin öýdýärsiňizmi? Ejiziň gepini ýele sowurýarsyňyzmy?
27. Hatda ýetim üçin bije atarsyňyz, Dostuňyza baha kesersiňiz.
28. Indi merhemet edip, maňa serediň, Ýüzüňize bakyp, ýalan sözläp bilmen.
29. Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, Ýaňadan garaň, men hakdyryn.
30. Agzymdan nähak söz çykýanmydyr? Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»
About Eýýup Chapter 6
Read Eýýup Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 6
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 6?
Eýýup Chapter 6 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 7
Explore More from Köne Äht
- Ezekiýel Chapter 45
- Zebur Chapter 56
- Eýýup Chapter 7
- Işaýa Chapter 9
- Müsürden çykyş Chapter 26
- Ýeşuwa Chapter 20
- Gelip çykyş Chapter 40