Read Eýýup Chapter 13 Online
Read Eýýup Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 13
Bap 13
1. «Bularyň baryny gözlerim gördi, Gulagym eşidip düşündim.
2. Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin, Men sizden kem däldirin.
3. Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, Dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.
4. Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, Baryňyz dereksiz lukmanlardyrsyňyz.
5. Wah, siz bütinleý dymsadyňyz! Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!
6. Diňläň meniň delillerimi, Gulak goýuň, meniň çekişmelerime!
7. Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?
8. Sizmi Hudaýyň tarapyny tutjak? Onuň üçin dawa etjek?
9. Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz? Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly, Ony-da aldap bilermikäňiz?
10. Hudaýyň tarapyny gizlin tutsaňyz, Ol sizi hökman jezalandyrar.
11. Onuň şan-şöhraty sizi eýmendirip, Gorkusy üstüňize abanmazmy?
12. Nakyllaryňyz kül deý dereksizdir, Delilleriňiz hiç bir esassyzdyr.
13. Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, Men başa gelenini göreýin.
14. Tenimi dişim bilen tike-tike edip, Janymy öz elimde goýaýyn.
15. Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.
16. Ine, şu meniň gutulyşym bolar, Çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.
17. Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, Aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
18. Men dawamy taýýarladym, Aklanjagymy bilýärin.
19. Kim meniň bilen jedel etjek? Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.
20. Ýa, Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý, Şonda men Senden gizlenmerin:
21. Menden eliňi çek, Meni Öz howpuňdan azat et.
22. Onsoň meni çagyr, men-de jogap bereýin, Ýa-da men gepläýin, Sen maňa jogap ber.
23. Etmişlerim, günälerim köpmüdir? Maňa ýazygymy, günämi görkez.
24. Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, Meni Özüňe duşman saýýarsyň?
25. Ýeliň gaçyran ýapragyny eýmendirjekmi? Gury samany kowalajakmy?
26. Maňa garşy ajy aýyplamalar ýazýarsyň, Ýaşlykdaky etmişlerimi miras berýärsiň.
27. Aýaklaryma künde urýarsyň, Her bir ädimimi garawullap, Aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.
28. Ynsan bir çüýrän zat, Güýe degen eşik kimin dargaýar».
About Eýýup Chapter 13
Read Eýýup Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 13
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 13?
Eýýup Chapter 13 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 38
Explore More from Köne Äht
- Ýeşuwa Chapter 13
- Zebur Chapter 146
- Ýermeýa Chapter 18
- 1 Şamuwel Chapter 4
- Işaýa Chapter 45
- Ýowel Chapter 3
- Ýeşuwa Chapter 16