Eýýup Chapter 38

For English

Read Eýýup Chapter 38 Online

Read Eýýup Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Eýýup 38

Bap 38

1. Onsoň Reb harasadyň içinden Eýýuba şeýle jogap berdi:

2. «Nadan sözleriň bilen Nesihatymy garalar ýaly kim bolupsyň?

3. Erkek kimin biliňi berk guşa, Seni sorag etjek, Maňa jogap ber!

4. Men ýeriň düýbüni tutanymda, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany!

5. Ýeriň ölçegini kesgitlän kim? Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Onuň üstünden ýüp çeken kim?

6. Ýer sütünlerini saklaýan diregler nämä berkidilen? Onuň burç daşyny kim goýdy?

7. Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, Ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.

8. Deňiz ýeri böwsüp çykanda, Onuň öňüne böwet basan kim?

9. Deňzi bulutlar bilen örtüp, Ony tüm garaňkylyga gaplan Mendirin.

10. Deňze gözenekdir gapy goýup, Oňa çäk çeken-de Mendirin.

11. Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, Güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.

12. Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly, Pisleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly, Ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi?

13. Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi?

14. Ýer ýüzi möhür basylan toýun, Lybas kimin göze görünýär.

15. Pisler nurdan mahrum edilýär, Ýokary galdyrylan gol döwülýär.

16. Deňziň gözbaşlaryna baryp gördüňmi? Çuňluklaryň düýplerine gezelenç etdiňmi?

17. Saňa ölüler dünýäsiniň gapylary görkezildimi? Tüm garaňkylygyň derwezelerini gördüňmi?

18. Dünýä giňişligine ser saldyňmy? Aýt, onda şularyň baryny bilýän bolsaň.

19. Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?

20. Olary ýerli-ýerine äkidip bilermiň? Olaryň mesgenlerine gidýän ýodalary bilýäňmi?

21. Sen bulary bilýändirin öýdýäňmi? Sen näme şol döwürde doguldyňmy?! Şonça ýyllar ýaşadyňmy?

22. Garyň ammarlaryna girip gördüňmi? Doly ammarlaryna ser saldyňmy?

23. Olary betbagtly günler üçin, Gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.

24. Ýyldyrymyň nireden gelýänini, Gündogar ýeliniň nireden başlaýanyny bilýäňmi?

25. Ynsanyň aýak basmadyk ýerine, Ýaşalmaýan çöle ýagyş ýagsyn, Haraba öwrülen çöl suwdan ganyp, Ol ýerde ot bitsin diýip, Ýagyş akymlary üçin ýaby, Ýyldyrymlara ýol açan kim?

28. Ýagşyň atasy barmy? Çyg damjalaryny ýaradan kim?

29. Buz kimiň ýatgysyndan çykdy? Göklerden düşen gyrawy kim dogurdy?

30. Suwlar gaty daşa dönýär, Deňziň ýüzi doňýar.

31. Ülker ýyldyzlarynyň zynjyrlaryny baglap bilermiň? Orionyň baglaryny çözüp bilermiň?

32. Ýyldyzlar toplumyny öz möwsümlerinde çykaryp bilermiň? Uly, Kiçi Ýedigene ýol görkezip bilermiň?

33. Gögüň kanunlaryny bilýäňmi sen? Ýerde olaryň hökümini ýöredip bilermiň?

34. Başyňa bol ýagyş ýagsyn diýip, Bulutlara buýruk berip bilermiň?

35. Saňa: „Biz seniň hyzmatyňda“ diýer ýaly, Ýyldyrym çakdyryp bilermiň?

36. Leglege paýhas beren kim? Horaza düşünje beren kim?

37. Kimiň bulutlary sanamaga paýhasy ýeter? Gögüň tulumlaryny kim agdaryp biler?

38. Şonda toprak gatap, Kesekler biri-birlerine ýapyşýarlar.

39. Şirler sürenlerine sümen pursaty, Ýa-da sümme tokaýda bukuda ýatyrka, Şir üçin aw awlap bilermiň?

40. Çaga arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?

41. Garga balalary Hudaýa nalyş edip, Açlykdan entänlerinde, Olary olja bilen üpjün edýän kim?»

About Eýýup Chapter 38

Read Eýýup Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 38
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 38 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 38?

Eýýup Chapter 38 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 38 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 20
  3. Eýýup Chapter 15
  4. Eýýup Chapter 37
  5. Eýýup Chapter 25
  6. Eýýup Chapter 22
  7. Eýýup Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Ezekiýel Chapter 2
  2. 1 patyşalar Chapter 18
  3. 2 patyşalar Chapter 22
  4. Eýýup Chapter 41
  5. Gelip çykyş Chapter 47
  6. Eýýup Chapter 27
  7. Işaýa Chapter 9

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 11
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 25
  3. Eýýup Chapter 16
  4. Müsürden çykyş Chapter 27
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 29
  6. Gelip çykyş Chapter 38
  7. Eýýup Chapter 19
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *