Ýermeýa Chapter 12

For English

Read Ýermeýa Chapter 12 Online

Read Ýermeýa Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýa 12

Bap 12

1. Ýa Reb, dawamy öňüňe getirsem, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?

2. Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Sen olaryň dillerine ýakynsyň, emma ýüreklerinden uzakdasyň.

3. Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.

4. Haçana çenli ýurt ýas tutup, otlar saralyp solar? Ol ýerde ýaşaýanlaň pis işlerinden ýaňa haýwanlar bilen guşlar ýitip gitdiler. Çünki bu halk diýýär: «Ol bize näme boljagyny görmeýär». Hudaý Ýermeýa jogap berýär

5. Eý, Ýermeýa, pyýadalar bilen ylgap ýadaýan bolsaň, onda atlylar bilen nähili ýaryşjak? Eger howpsuz ýurtda büdreýän bolsaň, onda Iordan jeňňelinden nädip çykjak?

6. Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.

7. Men halkymy terk etdim, mirasymy taşladym, jandan söýýän halkymy duşmanlarynyň eline berdim.

8. Mirasym Meniň üçin tokaýdaky arslan kimin boldy. Maňa tarap nagra çekdi, şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.

9. Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy? Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy. Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň, goý, olar mirasymy ýuwdup ýalmasynlar.

10. Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.

11. Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.

12. Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim galmaz aman.

13. Olar bugdaý ekip, tiken ordular, gara zähmet çekip, haýyr görmediler. Rebbiň gahar–gazabyndan ýaňa alan hasyllaryna utansynlar.

14. Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn.

15. Hemmesini sogrup taşlanymdan soň, olara ýene ýüregim awar. Olaryň her birini öz mülküne, öz topragyna gaýtaryp getirerin.

16. Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.

17. Emma gulak asmadyk her bir milleti köki bilen bütinleý goparyp taşlaryn we ýok ederin».

About Ýermeýa Chapter 12

Read Ýermeýa Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 12
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 12?

Ýermeýa Chapter 12 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 46
  2. Ýermeýa Chapter 22
  3. Ýermeýa Chapter 26
  4. Ýermeýa Chapter 34
  5. Ýermeýa Chapter 49
  6. Ýermeýa Chapter 42
  7. Ýermeýa Chapter 36

Related Chapters & Readings

  1. 2 Timoteosa haty Chapter 4
  2. Resullaryň Işleri Chapter 7
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 58
  6. 1 patyşalar Chapter 11
  7. Zebur Chapter 75
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *